"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan Astrahanda geçiriljek Halkara ulag forumyna gatnaşar

Türkmenistan 26-27-nji aprelda Astrahanda geçiriljek “Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2023” atly halkara foruma gatnaşar. Bu barada astrakhanfm.ru habarlar gullugy geçen hepdäniň anna güni mälim etdi. Halkara foruma işewür toparlaryň bilermenleri, Russiýanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary ýolbaşçylary gatnaşar. Forumyň dowamynda üýtgeýän global ýol ulaglarynyň görnüşleri we Hazar deňziniň Ýewraziýa söwda ýolunyň esasy dört – demirgazyk-günorta, günbatar-gündogar, demirgazyk-gündogar we günorta-günbatar çatryklaryndaky strategiki ýerleşişi göz öňünde tutulyp, netijeli iş strategiýalary ara alyp maslahatlaşylar.

Azyk howpsuzlygy boýunça Aşgabat forumy: zerurlyklar, wezipeler, tagallalar

Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda iki günläp dowam eden «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat öz işini tamamlady. Oňa gatnaşyjylaryň biragyzdan nygtaýyşlary ýaly, Aşgabat forumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli pikir alyşma meýdançasy bolup hyzmat etdi. Biz maslahata gatnaşyp, ugurdaş halkara guramalaryň wekilleriniň bu baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk. Wladimir RAHMANIN,FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili:

Aşgabat forumy: netijeli hyzmatdaşlyk meýdançasy

9-njy martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Aşgabatda geçirilen bu iki günlük forumy Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň goldaw bermeginde bilelikde guradylar. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu, FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin, Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen-özbek toparynyň duşuşygy

6-njy martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçy wekilleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar maýa goýum, söwda-ykdysady, senagat, energetika, oba hojalygy, ylym we tehniki, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça özara pikir alyşdylar.

Kataryň Türkmenistandaky ilçisi Aşgabatda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy bilen duşuşdy

Katar döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi şu gün Aşgabatda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Sabyrow bilen duşuşdy. Bu barada Kataryň ilçihanasynyň Metbugat gullugy habar berdi. Duşuşykda dostlukly iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy — 2023» atly halkara foruma gatnaşar

Şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy — 2023» atly halkara maslahat geçiriler. Onda Wolga-Hazar ulag we logistika ekosistemasynyň we Ýewraziýanyň halkara ulag geçelgeleriniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip, «AstrahanFM» habar berýär. Forumyň esasy wezipesi işewür toparlaryň, telekeçilige degişli däl pudagyň hünärmenlerini, Türkmenistandan, Russiýadan, Eýrandan, Hindistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan we gyzyklanma bildirýän beýleki daşary ýurtlardan degişli ugruň wekillerini bir ýere jemlemekden ybaratdyr. Maslahatyň dowamynda Demirgazyk-Günorta, Günbatar-Gündogar, Demirgazyk-Gündogar, Günorta-Günbatar geçelgeleriniň mümkinçiliklerine baha berler.

Türkmenistan bilen Özbegistan ulag we ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Mäli bolşy ýaly, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Bu möhüm foruma Özbegistanyň wise-premýeri, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Žamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Özbegistanyň wise-premýeri Hojaýew iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň soňky döwürde 4 esse artandygyny belläp, geçen ýyl 1 milliard dollara golaýlandygyny mälim etdi. Özbegistanyň ýolbaşçysy munuň örän gowy görkeziji bolup durýandygyny belläp, ýöne iki ýurduň mümkinçiliklerini doly açyp görkezmeýändigini aýtdy.

Goşulyşmazlyk Hereketiniň Baku sammiti

maksatlaryň we niýetleriň birdigini aýdyň görkezdi Türkmenistan 1995-nji ýylyň oktýabryndan bäri Goşulyşmazlyk Hereketiniň agzasy bolup durýar. Goşulyşmazlyk Hereketi ilkinjileriň hatarynda milli daşary syýasy ugrumyzy doly goldady. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan ýokary derejedäki mejlislere işjeň gatnaşyp, parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, 2-nji martda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem munuň şeýledigine doly şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen täze Kararnama kabul edildi

Golaýda ýurdumyza BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň, döwletimiziň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň netijelidiginiň aýdyň beýanydyr. Öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň hem-de möhümdiginiň tassyklanmagydyr. Şeýle-de parahatçylygy goldamak we dünýä gurluşy babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite syýasy edaralarynyň ornunyň wajypdygynyň ykrar edilmegidir. Halkara gatnaşyklary düzgünleşdirýän edara hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy ornuna ýokary baha berip, Türkmenistan bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär we ony daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli gatnaşyk edýär, olar bilen bilelikde dürli ulgamlarda möhüm taslamalardyr maksatnamalar amala aşyrylýar. Hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine daýanyp, häzirki döwürde däbe öwrüle

Baýramyňyz gutly bolsun, zenanlar!

Narine SAAKÝAN, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili: — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň adyndan Türkmenistanyň ähli zenanlaryny, gelin-gyzlaryny Halkara zenanlar güni — 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli gutlamaga rugsat ediň! Biz bu gün Türkmenistanda zenanlar üçin jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-medeni ugurlardaky işlere, zenan ýolbaşçylygyny ösdürmäge, özbaşdak işewürligi açmaga we ýöretmäge, ähli derejede mynasyp bilim almaga zerur bolan hukuklaryňdyr mümkinçilikleriň kepillendirilýändigini kanagatlanma bilen aýdyp bilýäris. Ýetilen sepgitler bilen birlikde, deň hukuklaryňdyr mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, «Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» çäklerinde zenanlaryň ykdysadyýetiň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna gatnaşmaklaryny giňeltmek babatda toplumlaýyn işleriň dowam etdirilmegi hem möhümdir.

Aşgabatda bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady ulgama möhüm orun degişlidir. Iki ýurduň arasynda gol çekilen resminamalar esasynda serhetýaka söwda zolagyny döretmek we bilelikdäki söwda öýlerini açmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Mejlisiň dowamynda çykyş edenler goňşy ýurtlaryň arasynda dürli ulgamlarda ösdürilýän hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, ony mundan beýläk-de ilerletmegiň wajypdygyny nygtadylar. Hususan-da, özbek tarapy şu ýylyň ikinji ýarymynda iki ýurduň senagat mümkinçiliklerini görkezmek we bu ugurda özara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, senagat pudagyna ýöriteleşdirilen bilelikdäki türkmen-özbek sergisini guramagy teklip etdi. Şeýle-de Özbegistanyň wekilleri Türkmenistanda öndürilýän senagat, oba-hojalyk, gurluşyk, dokma, himiýa, aýna önümleriniň importyny artdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

3-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşligiň başynda doganlyk türk halkyna 6-njy fewralda ýurduň günorta-günbatar sebitinde bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanç bildirdi hem-de Beýik Biribardan gurban bolanlaryň jaýynyň jennet bolmagyny, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, öňden gelýän asylly ýörelgelere eýerilip, Türkmenistanyň Hökümetiniň we türkmen halkynyň adyndan doganlyk türk halky, şol sanda güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken çagalar üçin ynsanperwerlik ýüki iberildi. Nesilden-nesle geçip gelýän şeýle asylly ýörelgeler häzirki wagtda mynasyp derejede dowam etdirilýär. Mustafa Şentop Türkiýäniň halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan duýgudaşlyk sözleri hem-de goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, agyr günlerde duýgudaşlyk bildirmegiň, doganlyk goluny uzatmagyň türk halkynyň ruhuny ýokary götermekde örän möhümdigini nygtady.

Merkezi Aziýadan getirilýän harytlar üçin Baku portunda gämi duralgasy açyldy

Ilçi Latif Seýfaddin ogly Gandilow Azerbaýjanyň Gazagystanyň Aktau we Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherleri bilen parom hyzmatyny ýola goýandygyny aýtdy. Azerbaýjanyň Baku portunda Merkezi Aziýadan getirilýän harytlar üçin gämi duralgasy açyldy. Bu barada Azerbaýjanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Latif Seýfaddin ogly Gandilowyň Merkezi Aziýada ulag koridorlary: Gyrgyzystan üçin täze mümkinçilikler" atly halkara forumda eden çykyşyna salgylanyp, gyrgyz “Tazabek” internet neşiri sişenbe güni habar berdi.

Türkmen-gyrgyz wekilleri ýük awtoulaglarynyň sürüjileri üçin wiza düzgünlerini kadalaşdyrmagy maslahatlaşdylar

Türkmen-gyrgyz wekilleri ýük daşaýjylary üçin amatly şertleri döretmek hem-de awtoulaglaryň sürüjileri üçin wiza düzgünlerini kadalaşdyrmak boýunça konsullyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugy çarşenbe güni habar berdi. Duşuşyk Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler, Ulag we kommunikasiýalar ministrlikleriniň gurnamagynda sişenbe güni göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gämi gurluşyk zawodlary hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Gämileri gurýan we gämileri abatlaýan «Balkan» zawodynyň wekilleri we Bakuwyň gami gurluşyk zawodynyň wekilleri Türkmenbaşy şäherinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda taraplar iki kärhananyň hem mümkinçilikleri bilen tanyş boldular – olaryň gurluşy, alyp barýan işleri we beýleki zawodlar bilen hyzmatdaşlygy baradaky maglumat bilen tanyşdylar. Iki ýurduň gämi gurluşyk ulgamynyň ösüş tejribesine we tejribe alyşmak üçin mümkinçiliklere uly üns berildi.

Hojalyk dolandyryş direksiýasynyň hyzmatlaryna täze nyrhlar girizildi

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň ýa­nyn­da­ky Ho­ja­lyk do­lan­dy­ryş di­rek­si­ýa­sy da­şa­ry yk­dy­sa­dy işi­ne gat­na­şy­jy­lar üçin hal­ka­ra söw­da işin­de da­şal­ýan ýük­ler bo­ýun­ça güm­rük taý­dan res­mi­leş­dir­mek bi­len bag­ly amal­la­ry ge­çir­mek, ýük­le­ri ýük­le­mek, dü­şür­mek we am­mar­lar­da sak­la­mak we beý­le­ki gör­nüş­dä­ki ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry üp­jün ed­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da san­ly ul­ga­myň giň­den ula­nyl­ýan döw­rün­de Ho­ja­lyk do­lan­dy­ryş di­rek­si­ýa­nyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy işi­ne gat­naş­ýan ta­rap­lar üçin hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry hem san­ly­laş­dy­ryl­dy. Bu iş­le­riň çäk­le­rin­de, güm­rük gul­lu­gyn­da or­naş­dy­ry­lan mag­lu­mat ul­gam­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly güm­rük taý­dan res­mi­leş­dir­iş işleri bi­len bag­ly üp­jün edil­ýän hyz­mat­lar do­wam­ly kä­mil­leş­di­ril­ýär.

Türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygy ýokarlanýar

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz halkara hyzmatdaşlygyny has-da artdyrýar. Ýurdumyz ähli ugurlar bilen bir hatarda gümrük işinde hem halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürýär. Munuň aýdyň mysalyny ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Howdan-Bajgyran» gözegçilik-geçiriş ýerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň ýolbaşçylarynyň iş duşuşygynyň ýokary derejede geçirilmeginde göz ýetirdik. Bu geçirilen iş duşuşygynyň esasy maksady, türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmekden we söwda-haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Daşary işler ministrliginiň ýakyndan ýardam bermegindäki bu iş duşuşygy, ilki bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň «Bajgyran» gümrük nokadynda geçirildi. Bu ýerde taraplar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda ozal baglaşylan ikitaraplaýyn resminamalaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak, özara hereketiň täze ugurlaryny kesgitlemek, üstaşyr mümkinçilikleri artdyrmak we degişli maglumatlary sanly ulgam arkaly amala aşyrmak boýunça işleri ýokarlandyrmaga gönükdirilen degişli teklipler bilen çykyş etdiler. Şeýle-de, iş duşuşygy türkmen topragynda, «Howdan» gümrük nokadynda dowam etdi. Bu ýerde myhmanlar türkmen a

Özara söwda dolanyşygy 1 milliard amerikan dollaryna ýetiriler

Özbegistan we Pakistan özara söwda dolanyşygyny 1 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýär. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Özara söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak baradaky meseleler fewral aýynyň ahyrynda Özbegistanyň we Pakistanyň arasyndaky Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň Daşkent şäherinde geçirilen 8-nji mejlisiniň esasy temalarynyň biri boldy. Mejlisde taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny

Türkiýede 100 müň sany täze iş ornuny döretmek meýilleşdirilýär

Türkiýe bilen BAE-niň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça şertnama gol çekilmegi netijesinde, Türkiýede, takmynan, 100 müň sany täze iş orny dörediler. Bu barada BAE-niň daşary söwda ministri Tani bin Ahmed Al-Zeýudi Abu-Dabide geçirilen resminama gol çekmek dabarasynda mälim etdi. Bu çärä Türkiýäniň söwda ministri Mehmet Muş we BAE-niň ykdysadyýet ministri Abdullah bin Tuk Al Marri hem gatnaşdy.

Gyr­gy­z Respublikasynda ýük da­şa­ma­la­ryň möç­be­ri ýo­kar­lan­ýar

2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Gyrgyz Respublikasynda ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamagyň mukdary 3,8 million tonna barabar boldy. Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet statistika komitetiniň habar bermegine görä, hasabat döwründe ýurtda ýük daşamagyň mukdary 2022-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, 33,9 göterim (2,8 million tonna) ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde ýük daşamagyň 53 göteriminden gowragy aýry-aýry telekeçiler tarapyndan amala aşyryldy.