Türkmenistanyň başlangyjy bilen täze Kararnama kabul edildi

9 Mart 2023
439

Golaýda ýurdumyza BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň, döwletimiziň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň netijelidiginiň aýdyň beýanydyr. Öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň hem-de möhümdiginiň tassyklanmagydyr. Şeýle-de parahatçylygy goldamak we dünýä gurluşy babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite syýasy edaralarynyň ornunyň wajypdygynyň ykrar edilmegidir.

Halkara gatnaşyklary düzgünleşdirýän edara hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy ornuna ýokary baha berip, Türkmenistan bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär we ony daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli gatnaşyk edýär, olar bilen bilelikde dürli ulgamlarda möhüm taslamalardyr maksatnamalar amala aşyrylýar. Hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine daýanyp, häzirki döwürde däbe öwrülen bu gatnaşyklar özüniň çägini giňeldýär, ählumumy ösüşiň täze ugurlaryny hem-de derwaýys meselelerini, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika we ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologik meseleleri çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlary öz içine alýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk ygrarly bolan hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistan BMG üçin möhüm we uzak möhletleýin hyzmatdaş bolup durýar.

Beýleki habarlar