Aşgabatda bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi geçirildi

6 Mart 2023
973

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady ulgama möhüm orun degişlidir. Iki ýurduň arasynda gol çekilen resminamalar esasynda serhetýaka söwda zolagyny döretmek we bilelikdäki söwda öýlerini açmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Mejlisiň dowamynda çykyş edenler goňşy ýurtlaryň arasynda dürli ulgamlarda ösdürilýän hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, ony mundan beýläk-de ilerletmegiň wajypdygyny nygtadylar. Hususan-da, özbek tarapy şu ýylyň ikinji ýarymynda iki ýurduň senagat mümkinçiliklerini görkezmek we bu ugurda özara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, senagat pudagyna ýöriteleşdirilen bilelikdäki türkmen-özbek sergisini guramagy teklip etdi. Şeýle-de Özbegistanyň wekilleri Türkmenistanda öndürilýän senagat, oba-hojalyk, gurluşyk, dokma, himiýa, aýna önümleriniň importyny artdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

«Türkmenistan»
Beýleki habarlar