Goşulyşmazlyk Hereketiniň Baku sammiti

9 Mart 2023
712

maksatlaryň we niýetleriň birdigini aýdyň görkezdi

Türkmenistan 1995-nji ýylyň oktýabryndan bäri Goşulyşmazlyk Hereketiniň agzasy bolup durýar. Goşulyşmazlyk Hereketi ilkinjileriň hatarynda milli daşary syýasy ugrumyzy doly goldady. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan ýokary derejedäki mejlislere işjeň gatnaşyp, parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, 2-nji martda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem munuň şeýledigine doly şaýatlyk edýär.

Beýleki habarlar