Gyr­gy­z Respublikasynda ýük da­şa­ma­la­ryň möç­be­ri ýo­kar­lan­ýar

5 Mart 2023
675

2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Gyrgyz Respublikasynda ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamagyň mukdary 3,8 million tonna barabar boldy.

Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet statistika komitetiniň habar bermegine görä, hasabat döwründe ýurtda ýük daşamagyň mukdary 2022-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, 33,9 göterim (2,8 million tonna) ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde ýük daşamagyň 53 göteriminden gowragy aýry-aýry telekeçiler tarapyndan amala aşyryldy.

Myrat TÄÇMYRADOW,
TDBGI-niň himiýa tehnologiýalary fakultetiniň dekany, uly mugallym.
Beýleki habarlar