Parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

6 Mart 2023
797

3-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşligiň başynda doganlyk türk halkyna 6-njy fewralda ýurduň günorta-günbatar sebitinde bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanç bildirdi hem-de Beýik Biribardan gurban bolanlaryň jaýynyň jennet bolmagyny, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, öňden gelýän asylly ýörelgelere eýerilip, Türkmenistanyň Hökümetiniň we türkmen halkynyň adyndan doganlyk türk halky, şol sanda güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken çagalar üçin ynsanperwerlik ýüki iberildi. Nesilden-nesle geçip gelýän şeýle asylly ýörelgeler häzirki wagtda mynasyp derejede dowam etdirilýär. Mustafa Şentop Türkiýäniň halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan duýgudaşlyk sözleri hem-de goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, agyr günlerde duýgudaşlyk bildirmegiň, doganlyk goluny uzatmagyň türk halkynyň ruhuny ýokary götermekde örän möhümdigini nygtady.

"Nesil".
Beýleki habarlar