Türkmenistan bilen Özbegistan ulag we ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

10 Mart 2023
500

Mäli bolşy ýaly, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Bu möhüm foruma Özbegistanyň wise-premýeri, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Žamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Özbegistanyň wise-premýeri Hojaýew iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň soňky döwürde 4 esse artandygyny belläp, geçen ýyl 1 milliard dollara golaýlandygyny mälim etdi. Özbegistanyň ýolbaşçysy munuň örän gowy görkeziji bolup durýandygyny belläp, ýöne iki ýurduň mümkinçiliklerini doly açyp görkezmeýändigini aýtdy.

Beýleki habarlar