Türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygy ýokarlanýar

5 Mart 2023
839

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz halkara hyzmatdaşlygyny has-da artdyrýar. Ýurdumyz ähli ugurlar bilen bir hatarda gümrük işinde hem halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürýär. Munuň aýdyň mysalyny ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Howdan-Bajgyran» gözegçilik-geçiriş ýerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň ýolbaşçylarynyň iş duşuşygynyň ýokary derejede geçirilmeginde göz ýetirdik.

Bu geçirilen iş duşuşygynyň esasy maksady, türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmekden we söwda-haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Daşary işler ministrliginiň ýakyndan ýardam bermegindäki bu iş duşuşygy, ilki bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň «Bajgyran» gümrük nokadynda geçirildi. Bu ýerde taraplar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda ozal baglaşylan ikitaraplaýyn resminamalaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak, özara hereketiň täze ugurlaryny kesgitlemek, üstaşyr mümkinçilikleri artdyrmak we degişli maglumatlary sanly ulgam arkaly amala aşyrmak boýunça işleri ýokarlandyrmaga gönükdirilen degişli teklipler bilen çykyş etdiler. Şeýle-de, iş duşuşygy türkmen topragynda, «Howdan» gümrük nokadynda dowam etdi. Bu ýerde myhmanlar türkmen alabaý itleriniň saklanylyşy we barlag-gözegçilik işlerini amala aşyrmakda olaryň ýerine ýetirýän wezipeleri, türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän gümrük nokatlarynyň şekil taslamalary we beýleki döredilen mümkinçilikler bilen giňişleýin tanyş boldular. Myhmanlar gümrük nokadynda döredilen şertlere, harby gullukçylaryň iş tertibine, zyýansyzlandyryş desgalaryna, öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen gümrük barlag enjamlaryna we harby lybaslaryň milli aýratynlyklaryna ýokary baha berdiler. Duşuşygyň dowamynda elektron resminama dolanyşygyny talabalaýyk ýola goýmak, iki döwletiň arasynda daşalýan harytlar üçin TIR kitapçasynyň ulanylmaga girişilmegi boýunça işleri ýokarlandyrmak we işgärleriň hünär derejelerini kämilleşdirmek, olaryň halkara tejribesi bilen giňden tanyşmagy ýaly ugurlar hem içgin öwrenildi. Ýokary guramaçylykly geçirilen bu iş duşuşygy hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda geljekde iki döwletiň arasyndaky gümrük hyzmatdaşlygyny has-da ýokarlandyrmaga uly itergi berer. Bu alnyp barylýan işleriň sakasynda duran hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Arslan KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar