"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Pursatlar

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Akmämmet Nurmämmedow bilen maňa köp ýyllap duz-emek bolmak miýesser edipdi. Ol «Şaglap iner bürgütleri» aýdymy bilen adygyp başlapdy. Onuň ýognasdan dury sesi, labyzly owazy bardy. Hiç kimiňkä meňzemeýän arassa jukguldysy bilen hem tanalypdy. Akmämmet bagşy Nurberdi Gulowdyr Wary Aýjanowy halypa tutunyp, öz ýoluny tapypdy. Meşhur bagşy Sahy Jepbar oňa saryýagyz hem gök gözli bolansoň, «Ors bagşy» diýip lakam goýdy. Men öňki Nebitdag telestudiýasynyň «Edebi-sazly gepleşikler» redaksiýasynda redaktor bolup işlän döwrümde onuň bilen häli-şindi medeni çärelerde hem toýlarda gabatlaşýardyk.

Köňülleri nurlandyrýan eser

Şu makalamyzda Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili Abdyrahman Jamynyň «Baharystan» atly eseriniň käbir «baglary» hakynda gürrüň etmekçi. Jamy bu eserini Zyýaeddin Ýusuba bagyşlap, onuň «ýürek duýgularyny oýarmak» we «kalbyna howp salýan kynçylyklardan goramak» üçin ýazandygyny mälim edýär. Şeýle-de akyldaryň «Baharystany» ýazmagyna Sagdy Şirazynyň «Gülüstan» atly eseriniň ruhlandyrandygyny hem aýdyp geçýär. Jamy «Baharystanyň» rowaç almagyny Allatagaladan diläp, eseriň sekiz «bagdan» ybaratdygy hakynda maglumat berýär. Söz ussady okyjysyna: «Şu tikeneklikden boş baga tomaşa edýänlere haýyş: Haçan-da şu baglara gadam goýanlarynda we ygtybar nazary bilen baga seredenlerinde bagy ösdürip ýetişdiren we ony ýetişdirmek üçin gije-gündiz jan eden, jiger-bagryny gan eden bagbany doga-dilegler bilen ýatlasynlar we taryp bilen ony şat etsinler» diýip ýüzlenýär. Eseriň “Baharystan” diýlip atlandyrylmagy ýylyň bahar-ýaz paslyny aňlatman, göçme manyda ulanylypdyr. Onuň şeýledigine esere çuňňur aralaşanyňda birkemsiz göz ýetirip bolýar. Esasan-da Abdyrahman Jamy ynsan gylyk-häsiýetlerini, ahlak-etiki gymmatlyklary çeper beýan etmek arkaly adamyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyny, onuň kalbynyň kir-kimirden saplanyp, bahar gülleri dek açylmagyny, ýazyň howasy dek tämizlenmegini isläpdir. Şeýlelikde, ol adama mahsus iň gözel ynsanperwer gymmatlyklary çeper mahabatlandyryp, öz eseriniň adyna “Bah

Pähim-paýhasy durlaýan eser

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininiň önümi bolan her bir eser halkymyzda uly seslenme döredýär. Bu olarda gozgalýan meseleleriň düýplüdigini, eserleriň çeperçilik derejesiniň örän ýokarydygyny aňladýar. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby-da baý many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Bu kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda Zemin abatlygy, ylym-bilim, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dostluk, agzybirlik, pähim-paýhaslylyk hakda giňişleýin pikir ýöredilýär.

Ynsan ömrüniň nury

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk barada alada edilmeýän ýekeje döwlet hem bolan däldir. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Türkmençilikde salamlaşylanda hem ilkinji nobatda saglyk-amanlyk soraşylýar» diýlip beýan edilýär. Lukmançylyk ylmynda uly yz goýup giden Ibn Sinanyň, Abu Reýhan Birunynyň işleri, döreden eserleri häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan içgin öwrenilýär. Şeýle-de, Ali ibn Sahl Rabban, Ibn Musa we Seýit Ysmaýyl Gürgenli ýaly lukmanlar orta asyrlarda uly yz goýupdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň ikinji tomunda şeýle setirler bar: «...Orta asyrlarda hut Merwde lukmançylyk ensiklopediýasynyň awtory Ali ibn Sahl Rabban (IХ asyr), onuň döwürdeşi, iýmitleniş kadalary, suw arkaly bejergi bermegiň usullary, gan almagyň düzgünleri, derman ösümlikleri we botanikanyň dürli ugurlary boýunça gymmatly ylmy işleri miras goýup giden Ibn Musa ýaly öňdebaryjy lukmanlar ýaşapdyrlar. Gündogaryň lukmançylygynda öçmejek yz galdyran, milli lukmançylygyň düýbüni tutujy Seýit Ysmaýyl Gürgenli keseli bejermek sungatyny ösdürmekde ägirt uly işleri bitiripdir. Bu alym ömrüniň soň

Kendirik — öýüň rysgaly

Öýlerimiziň ýaraşygy, oba-syrgynyň gelşigi bolan mährem eneler ýaş gelin-gyzlara görüm-görelde bolýarlar. Olaryň her bir aýdýan sözleri akyl, edýän işleri nusgadyr. Men muňa öz durmuşymda hem aýdyň göz ýetirdim. Enemiň bizi — gyz agtyjaklaryny daşyna üýşürip, beren öwüt-ündewleri, el işlerini öwredişi ýadymda mäkäm orun aldy. Onuň kendirik hakynda beren gürrüňleri hem uly täsir galdyrypdy.

Medeni miras — müdimi miras

DAGDANLY TAÝMAZ Dagdan agajy daglyk ýerde ýetişip, daş ýaly berk bolýar, ýyllar geçdigiçe has-da dykyzlanyp mäkämleşýär. Şonuň üçinem maşgalalarda berklik, sagdynlyk, agzybirlik bolsun we ýyllar geçdigiçe-de, ol mizemez mähir-muhabbete öwrülsin diýlip yrym edilipdir. Dagdan agajyny ýonup, dürli görnüşli şekilleri ýasap, alaja ýüplere baglap, çagajyklaryň boýnundan, goşarjygyndan asypdyrlar, gundagbagyna, tahýajyklarynyň depesine dakypdyrlar, öýleriň işiginiň ýokarsyndan görnükli ýere berkidipdirler. Dagdan agajyndan şekiljikleri diňe bir çagajyklar däl, eýsem, uly adamlar hem hassalasa, gyzdyrsa, ýörite dakynypdyrlar. Bu ýagdaý dagdan agajynyň tebigy täsiriniň güýçlüdigini äşgär edýär.

Halkymyzyň ajaýyp gymmatlygy

Milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamak we dünýä ýaýmak, ýaş nesillerimize miras galdyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri bolan alabaý itlerimiziň tohum arassalygyny saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň wajyp ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär. Halkymyzyň göz-guwanjyna, wepaly ýoldaşyna öwrülen alabaý itlerimiz barada olara belet adamlar: «Alabaý eýesine wepalylygyň nusgasyny görkezýär» diýen sözleri buýsançly gaýtalamagy gowy görýärler. Eýesine çakdanaşa wepalylyk, garadan gaýtmazlyk, duýgurlyk, hüşgärlik, akyllylyk, hoşgylawlylyk düşbülik türkmen alabaýynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Ýolda wepaly ýoldaş, mal bakaňda ýakyn kömekçi, öýüňde garadan gaýtmaz sak goragçy — bular türkmen alabaýlaryna mahsus häsiýetlerdir. Ata-babalarymyz olaryň bu häsiýetlerini has kämilleşdiripdir. Şeýle hem olary diýseň eý görüpdirler we iň ýakyn dost hasaplapdyrlar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserinde «Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip, türkmen alabaýynyň waspyny ýetirýär.

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe esasy ugurlaryň biri bilimli, päk ahlakly ýaşlary terbiýelemek wezipesidir. Çünki, şahsyýetiň kämilligi päk terbiýeden gözbaş alýar. Ylmy nazaryýetiň, tejribäniň şu günki gazananlarynyň talaplary esasynda gelejegimiz bolan ýaşlary milli ruhda terbiýelemek beýik geljegimiziň, durnukly ösüşini üpjün etmegiň girewidir. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesli ýokary ahlak, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, kanagatlylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde pederlerimizden galan asylly däp-dessurlaryň, milli-medeni mirasyň aýratyn orun tutmalydygyna hemişe üns berýär. Ýaş nesillerimize tebigatymyzyň gözelligini goramagy, oňa aýawly çemeleşmegi öwretmelidiris. Munuň özi çagalarda tebigatyň, sungatyň gözelligini dogry kabul etmek başarnygyny terbiýelemegi aňladýar. Şeýle bolanda, çagalar özleriniň sungata bolan ukyplaryny ýüze çykarýarlar. Estetiki terbiýe umumy terbiýäniň beýleki düzüm bölekleri bilen berk baglanyşykda, sazlaşykda amala aşyrylanda has-da ygtybarly bolýar. Estetiki terbiýe diňe bir gözelligi döretmek, okalan kitaplaryň, tomaşa edilen sahna oýunlarynyň, diňlenilen sazlaryň sanyny köpeltmegi aňlatman, eýsem, ynsany kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Ýollarymyza şugla saçýan şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerini özünde jemleýän, gadymyýetden şu günki günlerimize gelip ýeten milli däp-dessurlarymyzdan, edim-gylymlarymyzdan, türkmen halkyna mahsus ynsanperwer häsiýetlerden söz açýan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby her birimiz üçin gymmatly gollanmadyr, ýollarymyza şugla saçýan şamçyragdyr. Pederlerimizden miras galan ynsanperwerlik ýol-ýörelgeleriniň parasatlylyga ýugrulan rowaýatlardyr tymsallaryň üsti bilen ýokary çeperçilikde beýan edilmegi bu eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Halkymyzyň döwletlilik hakyndaky düşünjesiniň, garaýşynyň agzybirlik, dostluk, ynsaplylyk, myhmansöýerlik ýaly häsiýetlerde jemlenýändigi kitabyň bölümlerinde aýdyň şöhlelenýär. Ynsanyň mertebesini belentde tutmagyň ähli döwürleriň esasy meselesidigi, iň ýokary gymmatlygyň Zeminiň abadanlygynda, sagdyn durmuşda eşretiň hözirini görüp ýaşamakda jemlenýändigi eserde nygtalýar. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymata daýanylýan häzirki günlerimizde-de adamyň gadyr-gymmatynyň hemişe belentde saklanylmagynyň milli ýörelgelerimizden gözbaş alýandygyny görkezýär. Kitapda halkymyzyň agzybirlige, myhmansöýerlige, ylma, bilime bolan söýgüsi baradaky parasatly pikirler gyzykly rowaýatlaryň, jümleleriň üsti bilen beýan edilmek bilen, olaryň şu günki nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde eýeleýän orny örän uludyr.

Hünärine dünýe haýran

Megerem, nepislik, näziklik we gözellik barada söz açylanda, türkmen gelin-gyzlarynyň we olaryň on barmagynyň hünäriniň göz öňüne gelmegi ýöne ýerden däl bolsa gerek. Sebäbi eli çeper gelin-gyzlarymyzyň yhlasyny, paýhasyny jemläp döreden el işleri, owadan lybaslary, nepis halylary gymmaty egsilmeýän, sünnälenilen senet hökmünde asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelýär. Şu gymmatly mirasyň kemala gelmeginde we syntgylanylyp häzirki günlerimize gelip ýetmeginde türkmen zenanlarynyň hyzmatynyň juda uludygyna hiç haçan synmajak taryhy we edebi nusgalar şaýatlyk edýär. Häzirki günlerde gelin-gyzlaryň tahýasyna, köýneginiň ýakalaryna, kürte-çyrpylaryna, elbukjalaryna, erkek adamlar üçin niýetlenilen ezýaka köýnekleriniň ýakasyna we akgaýma tahýalaryna çekilen nepis keşdeler dünýäni haýrana goýýar. Keşde çekmek we haly dokamak gelin-gyzlaryň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň täsin gudratyndan dörän inçe sungatdyr. Zenan maşgalalar öz el işlerine, nepis halylarynyň öwüşgini öçmejek göllerine gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini, halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de çuň mana ýugrulan pähim-parasadyny siňdirýärler. Bu asylly ýörelgäni mynasyp derejede dowam etdirmek bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şuňa görä biz çagalar we ýetginjekler döredijilik öýümize gatnaýan, el işlerine höwesjeň gyzlaryň ýaşlygyndan zähmet endikleriniň, ukyp-başarnyklarynyň artmagy ugrund

Kesbi-käri — nesillere nusgalyk

El hünärimiz bize ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp sungatdyr. Olaryň ruhy dünýäsiniň aň-paýhasynyň özboluşly beýany bolan el işleri arkama-arka dowam edip, häzir hem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Ýurdumyzda el hünärini ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesle ýetirmek üçin halypa-şägirtlik ýoly dowam etdirilip, bu ugurda birnäçe işler alnyp barylýar. Golaýda Türkmenabat şäher medeniýet öýünde halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirip, el hünärini ýaş nesle öwretmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «El hünärim ― nesillere dowamat» atly sergi guraldy. Oňa eli çeper halypalardyr okuwçy gyzlar hem-de kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Sergide zenanlarymyzyň el hünärleriniň welaýatymyza mahsus nusgalary ýaýbaňlandyryldy. El işleriniň sergisinde keçeler, kilimler, owadanlygyna taý gelmeýän ýüpek halylar bu ýere gelenleriň hiç birini-de biparh goýmady. Gadymdan galan nusgalyk el işlerine şu günki nesillerde söýgi, höwes döretmek, olara müň öwüşginli el hünärini öwretmek maksady bilen guralan sergä gatnaşan zenanlar ýaş gyzlara ik egirmek, gelin-gyzlaryň lybaslarynyň biçüwi, gurama düşekçäniň guralyşy, halydyr kilimleriň dokalyşy, keçe basylyşy we elbukjalarynyň dürli görnüşleriniň taýýarlanylyşy barada düşünje berdiler. Bu işleri öwrenmäge höwesek gyzlarda sergi diýseň uly täsi

Gadymdan galan nusgalar

Edil silkme telpek, agar çäkmen, tirme guşak, keteni köýnek ýaly biziň halkymyza mahsus milli gymmatlyklaryň biri hem bökejeň ädikdir. Maglumatlara görä, ýokary hilli gönden tikilýän bu aýakgaplar durmuşa çykýan gyzlaryň sepinde hökman bolaýmaly goşlaryň sanawyna giripdir. Bu aýakgaplar ýurdumyzyň dürli ýerlerinde «böke», «bökeje», «bökejem» kimin dürlüçe atlandyrylýar. Bökejeň ädik — ýokary hilli gönden tikilen toý aýakgaby. Aýakgabyň burny gelşik üçin yza gaýşardylyp tikilýär. Ökjesine bolsa birnäçe gat gön goýlup, ep-esli beýgeldilýär. Bu ädigiň, köwşüň bökejeň ady şonuň bilen baglanyşykly bolmagam mümkin.

Çaý çorba

Il arasynda şeýle aýtgy bar: «Ertirki iýip-içeniň özüňki, günortankysy dostuňky, agşamkysy duşmanyňkydyr». Hudaýa şükür, bolçulyk, dokçulyk, abadançylyk. Sähel salymda bişirmäge, gowurmaga, kaklamaga gaz plitalary, tok bilen işledilýän kaşaň-kaşaň, hil-hil gap-gaçlar, gazan-taganlar we beýleki enjamlar öý bikeleriniň gol astynda dur. Emma ýeňil bolmadyk durmuşda ýaşan ene-mamalarymyz, ata-babalarymyz hem her edip, hesip edip, aýtgyda nygtalyşy ýaly, «özüňki» saýylýan ertirlikden näumyt galmazlygyň çäresini tapypdyrlar. Ol neneňsi çärekä?! Çaýçorba! Çaýçorbany taýynlamak üçin, ozaly bilen, süýtli gara çaý demlärdiler. Ýöne ol ýüzünde suw durlanyp duran sowuk däl-de, goýy, goňrumtyl reňkde bolmalydy. Çaýçorba iýilýän käse adatdakylardan iki-üç esse töweregi uly bolardy. Oňa düýekäse diýýänlerem, pyýala diýýänlerem bardy. Şol düýe käsä her kes öz maddy ýagdaýyna, keşdiniň çekişine görä, gant bilen mal ýagyny atardylar. Goýnuň guýruk ýagy bolsa-ha has gowy, onuň derejesine ýetip biljek mal ýagy barmy! Indiki gürrüň dograljak çöregiň mukdary barada. Çümhörekler onuň bir käsesinden kanagatlansalar, işdämenler piýalany 2-3 gaýra çörekden doldurman doýdum diýmezdiler. Çaýçorbanyň ahyrynda adaty käseler bilen süýtli çaý içerdiler. Çaý huruşlaram gurt, balgaýmak, sargan, peýnirdir. Çaýçorbadan ertirlik edinenler ylla seýislenen at mysalydyr, ne ajygarlar, ne suwsarlar, ne-de ýadarlar. So

«Nesiller äkider seni uzaga»

Uzak ülkeden gelen toý habary Zaman işany ragbatlandyrdy. Bada-bat ogullarynyň bäşisini daşyna jemläp, ýol şaýyny tutmagy berk tabşyrdy. Ýola düşüp, çöl-beýewany syryp geçip, ýol azabynyň ýarysyndan dynansoňlar, Zaman işan egbarlady. Şol barmana-da bir düýş görýär. Düýşünde ýetmeli menziline gowşansoň, ýurduny täzelejegi oraşan göründi. Ogullaryny çagyryp, düýşi göreniňki däl, ýoranyňky edip, iň soňky sargydyny aýdýar. Zaman aganyň pendine görä, ol myhman çagyrylan obasynda jaýlanylmalydy. Bu tabşyryk aýdylyşy ýaly-da ýerine ýetirilýär. Yzlaryna gaýtmazyndan öňinçä, özara maslahatlaşylyp, bäşiň ikisi gonak bolnan ýerde galmaly edilýär. Şeýdip Hudaýberdidir Ylýasyň duz nesibesi ýat illere çekýär duruberýär. Uly oba Zaman işanyň hormatyny tutup, bulary öýli-işikli etmek üçin kimse gyzyny berýär, kimse-de duzuny. Garaz, aýaga galnynça goltgy kemini goýmandyrlar. Şeýde-şeýde doganlar bu ülkä öz dogduk perzendi kimin goşulyp garylyberipdir... Syrgyn oba söýget bolup ýören aga-ini 1937-nji ýyllaryň nähak aýyplanmasyna duçar bolup sürgün edilende, Ylýasyň ýaňy bir dokuz aýa gadam basan, dünýäniň gamu-şatlygyndan bihabar ýekeje oguljygy, Hudaýberdiniň bolsa 2 gyzy, yzynda galypdy.

Milli miras — egsilmeýän hazyna

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi hem sungatymyzy, mirasymyzy we gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmek, olary baýlaşdyrmak, bütin dünýä ýaýmak babatda tutumly işleriň geçirilmegi olara goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany bolup durýar. Halkyň kalbyna deňelýän medeniýetiň ösmegi adamlaryň aň-düşünjesiniň, sowatlylygynyň artmagyna ýardam edýär. Merdana halkymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşupdyr. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzy öwrenmekde, kämilleşdirip halka ýetirmekde, medeni ösüşleri üpjün etmekde medeniýet işgärlerine uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň: “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda şeýle setirler bar: “Durmuşdaky ähli ýagdaýlary, her bir pursady ýazga geçirmek mümkinem däl. Oňa düşünmek, aň etmek, many almak welin mümkindir. Halkyň mirasynyň gymmaty hem şondadyr. Şonuň üçinem ol egsilmeýän hazyna deňelýär”. Şundanam görnüşi ýaly, şol baý taryhy we gymmatly hazynany aýawly saklamak hem-de öz öwüşginleri bilen nesillere ýetirmek biziň borjumyz bolup durýar. Şu maksat bilen halkyň arasyndan milli mirasymyza degişli eksponatlary, maglumatlary ýygnap, muzeý gymmatlyklaryny artdyrmak boýunça işleri alyp barýarys.

Gülli keçe düşek bolar

Türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty baý we köp ugurlydyr. Ol halyçylyk, zergärçilik keşdeçilikdir nakgaş eserleri bilen bir hatarda, halkyň ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur bolan keçe önümlerini hem öz içine alýar. Keçe taýýarlamakda we haly dokamakda türkmen gelin-gyzlarynyň hyzmaty örän uludyr. Olar ýüregindäki arzuw-hyýallaryny el işlerine, dokan halylaryna, basan keçelerine, çeken keşdelerine, geýen egin-eşiklerine siňdiripdirler. Keçe diňe düşek hökmünde ulanylman, eýsem, ondan ak öýleriň üstüni Günden, ýagyşdan-gardan goramak üçin serpik, üzük, durluk ýaly keçe önümleri, düýelere halyk, atlara atkeçeler, tazylara jul hökmünde eşik, çopanlar üçin ýapynjalyk oýluklar taýýarlanypdyr.

Folkloryň içindäki folklor

Ýaşuly nesliň özünden soňky nesle goýup biljek iň uly gymmatlyklarynyň biri ruhy mirasdyr. Ol görüm-göreldäni, milli däp-dessurlary, durmuş tejribesini, terbiýe bermek medeniýetini, döredijilik dünýäsini, pähim-paýhasy özünde jemleýär. Ençeme asyr aşyp, nesilleriň paýhasyndan, döredijilik zehininden kämillik derejesine ýeten halk döredijiligi ruhy mirasyň edebi nusgasydyr. Başgaça aýdylanda, halk döredijilik eserleri halkymyzyň özi hakynda döreden edebi-taryhy ensiklopediýasydyr. Halk döredijilik eserlerine milletimize mahsus dünýägaraýyş, hüý-häsiýet, ýaşaýyş-durmuş, däp-dessur, edim-gylym aýratynlyklary siňdirilipdir. Älemgoşaryň 7 reňkiniň başga onlarça reňki emele getirmäge esas bolşy ýaly, türkmen halk döredijilik eserleriniň 3 žanry hem halkymyzyň ruhy dünýäsini häsiýetlendirmekde, suratlandyrmakda, beýan etmekde edebi gönezlik bolup hyzmat edýär. Türkmen halk döredijilik eserleriniň çuň mazmunly, köp öwüşginli häsiýeti, onuň köp žanrlylygynyň, köp görnüşliliginiň üsti bilen açylýar. Olaryň tas ählisiniň mazmunynda ata-babalarymyzyň nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berendigine göz ýetirmek bolýar.

Terbiýe mekdebi

Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, halkymyzyň şöhratly taryhyny çuňňur öwretmekde hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» atly romanlarynda atasy, ilhalar ynsan, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň Tejen aýagy diýilýän ýerlerde ýagny, öňki Kirow raýonynyň (häzirki Babadaýhan etrabynda) «Gyzyl çarwa» kolhozynda ýaşap, işlän ýyllary çeper beýan edilýär. Berdimuhamet mugallymyň halkymyzyň edebi mirasyna goýýan hormaty ýaş Mälikgula hem oňyn täsir edýär. Bu Mody başlygyň Mälikgula berýän gürrüňlerinde has aýdyň ýüze çykýar. Ynsany pespällik, dogumlylyk, dogry sözlülik, birek-birege bolan hormat-sylag, rehimlilik, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetler bezeýär. Berdimuhamet mugallymyň görüm-göreldesi, oba adamlary we okuwçylary bilen gowy gatnaşygy Mälikguly üçin uly terbiýeçilik, döredijilik mekdebi bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ene-atasyna bolan hormaty hemmelere nusgadyr. Mähriban käbesi Ogulabat ejä, mähriban kyblasy Mälikguly aga bolan söýgüsi çäksizdir. Şeýle söýginiň, hormatyň miwesi hökmünde milli Liderimiziň «Enä tagzym— mukaddeslige tagzym», «Mert ýigitler Watan üçin dogulýar» ýaly kitaplaryny mysal getirip bolar.

Halypa bagyşlanan mukam

Türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ösmeginde uly işleri bitiren ussat halypalar Amangeldi Gönübegiň, Şükür bagşynyň, Bazar bagşynyň, Kel bagşynyň, Hally bagşynyň, Täçmämmet Suhangulyýewiň, Sary bagşynyň, Oraz salyryň, Mylly Täçmyradowyň, Magtymguly Garlyýewiň, Nobat bagşynyň, Pürli Saryýewiň, Sahy Jepbarowyň, Baky Maşakowyň we başga-da ençeme halypalaryň atlary elmydama hormat bilen tutulýar. Ezber halypalaryň zehin goýup döreden we ýerine ýetiren «Ýandym», «Keçpelek», «Humarala», «Burnaşak», «Berkeli çokaý», «Hajygolak»... ýaly ajaýyp sazlaryny her gezek diňläniňde, üýtgeşik bir dünýä düşen ýaly bolýarsyň. Olardaky göwnüňi galkyndyryjy şirinlik, täsinden-täsin imrindiji öwrümler akylyňy haýran edýär. Türkmen aýdym-saz sungatynyň diýseň baý mirasy bar. Edebi eserleriň döreýşi ýaly, saz eserleri hem bir wakanyň täsiri bilen döreýär. Muňa türkmen halk sazlary hakdaky rowaýatlar-da şaýatlyk edýär. Kel bagşynyň «Ussadym» atly sazy döredişi hakynda şeýleräk bir rowaýat bar.

Çörek mukaddesligi

Saçakdaky çöregi almak üçin birden iki adam elini uzatsa, öýüňe myhman gelýändiginiň alamaty saýylýar. Çörek owuntygyny ýere gaçyrsaň günä. Çöregi hormatlap, maňlaýyňa sylmak halkymyzyň adatyna öwrülipdir.... Asyrlaryň dowamynda emele gelen şuňa meňzeş ynançlaryň ýüzlerçesi milletimiziň ýaşaýyş-durmuş tejribesiniň örän baýdygyny, şonuň bilen birlikde bu düşünjeleriň nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Ýakynda çörek mukaddesligine bagyşlap geçiren söhbetdeşligimizde bu barada gyzykly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň täsiri bilen şu setirleri ýazmaga girişdim. Maşgala we çaga terbiýesinde çörek mukaddesligi bilen baglanyşykly ata-babalarymyzdan gaýdýan özboluşly, üýtgeşik bir ýörelgämiz dowam edýär. Bu ýörelge ruhuňa täsir edýän parasatly pikirleri gursaklarda eşrepi deýin saklap, nesilden-nesle geçirip gelýär. Parasatly sözlerde çöregiň mukaddesligi durmuş bilen şeýle bir çuňňur baglanyşdyrylypdyr welin, haýran galaýmaly, ol kalbyňa berk köküni urýar. Öýüňe gelen myhmana hem ilkinji hödür çörekden başlanýar. «Ýolda ýoldaşyň bolsun!» diýip, eneler perzentlerini ýola salanlarynda hem ýany bilen çörek berip goýberýärler. Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde hem çörek mukaddesliginiň has ýokary tutulýan pursatlary köp duş gelýär.