Folkloryň içindäki folklor

26 Fewral 2021
1528

Ýaşuly nesliň özünden soňky nesle goýup biljek iň uly gymmatlyklarynyň biri ruhy mirasdyr. Ol görüm-göreldäni, milli däp-dessurlary, durmuş tejribesini, terbiýe bermek medeniýetini, döredijilik dünýäsini, pähim-paýhasy özünde jemleýär. Ençeme asyr aşyp, nesilleriň paýhasyndan, döredijilik zehininden kämillik derejesine ýeten halk döredijiligi ruhy mirasyň edebi nusgasydyr. Başgaça aýdylanda, halk döredijilik eserleri halkymyzyň özi hakynda döreden edebi-taryhy ensiklopediýasydyr.

Halk döredijilik eserlerine milletimize mahsus dünýägaraýyş, hüý-häsiýet, ýaşaýyş-durmuş, däp-dessur, edim-gylym aýratynlyklary siňdirilipdir. Älemgoşaryň 7 reňkiniň başga onlarça reňki emele getirmäge esas bolşy ýaly, türkmen halk döredijilik eserleriniň 3 žanry hem halkymyzyň ruhy dünýäsini häsiýetlendirmekde, suratlandyrmakda, beýan etmekde edebi gönezlik bolup hyzmat edýär. Türkmen halk döredijilik eserleriniň çuň mazmunly, köp öwüşginli häsiýeti, onuň köp žanrlylygynyň, köp görnüşliliginiň üsti bilen açylýar. Olaryň tas ählisiniň mazmunynda ata-babalarymyzyň nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berendigine göz ýetirmek bolýar.

Aýsenem GURBANOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar