Halkymyzyň ajaýyp gymmatlygy

2 Mart 2021
1259

Milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamak we dünýä ýaýmak, ýaş nesillerimize miras galdyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri bolan alabaý itlerimiziň tohum arassalygyny saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň wajyp ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär.

Halkymyzyň göz-guwanjyna, wepaly ýoldaşyna öwrülen alabaý itlerimiz barada olara belet adamlar: «Alabaý eýesine wepalylygyň nusgasyny görkezýär» diýen sözleri buýsançly gaýtalamagy gowy görýärler. Eýesine çakdanaşa wepalylyk, garadan gaýtmazlyk, duýgurlyk, hüşgärlik, akyllylyk, hoşgylawlylyk düşbülik türkmen alabaýynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Ýolda wepaly ýoldaş, mal bakaňda ýakyn kömekçi, öýüňde garadan gaýtmaz sak goragçy — bular türkmen alabaýlaryna mahsus häsiýetlerdir. Ata-babalarymyz olaryň bu häsiýetlerini has kämilleşdiripdir. Şeýle hem olary diýseň eý görüpdirler we iň ýakyn dost hasaplapdyrlar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserinde «Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip, türkmen alabaýynyň waspyny ýetirýär.

Meretguly ÝAÝLYMOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Aspirantura bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar