«Nesiller äkider seni uzaga»

27 Fewral 2021
1375

Uzak ülkeden gelen toý habary Zaman işany ragbatlandyrdy. Bada-bat ogullarynyň bäşisini daşyna jemläp, ýol şaýyny tutmagy berk tabşyrdy. Ýola düşüp, çöl-beýewany syryp geçip, ýol azabynyň ýarysyndan dynansoňlar, Zaman işan egbarlady. Şol barmana-da bir düýş görýär. Düýşünde ýetmeli menziline gowşansoň, ýurduny täzelejegi oraşan göründi. Ogullaryny çagyryp, düýşi göreniňki däl, ýoranyňky edip, iň soňky sargydyny aýdýar. Zaman aganyň pendine görä, ol myhman çagyrylan obasynda jaýlanylmalydy. Bu tabşyryk aýdylyşy ýaly-da ýerine ýetirilýär. Yzlaryna gaýtmazyndan öňinçä, özara maslahatlaşylyp, bäşiň ikisi gonak bolnan ýerde galmaly edilýär. Şeýdip Hudaýberdidir Ylýasyň duz nesibesi ýat illere çekýär duruberýär. Uly oba Zaman işanyň hormatyny tutup, bulary öýli-işikli etmek üçin kimse gyzyny berýär, kimse-de duzuny. Garaz, aýaga galnynça goltgy kemini goýmandyrlar. Şeýde-şeýde doganlar bu ülkä öz dogduk perzendi kimin goşulyp garylyberipdir...

Syrgyn oba söýget bolup ýören aga-ini 1937-nji ýyllaryň nähak aýyplanmasyna duçar bolup sürgün edilende, Ylýasyň ýaňy bir dokuz aýa gadam basan, dünýäniň gamu-şatlygyndan bihabar ýekeje oguljygy, Hudaýberdiniň bolsa 2 gyzy, yzynda galypdy.

Aýnabat NAZAROWA,
«Diýar».
Beýleki habarlar