Milli miras — egsilmeýän hazyna

26 Fewral 2021
1124

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi hem sungatymyzy, mirasymyzy we gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmek, olary baýlaşdyrmak, bütin dünýä ýaýmak babatda tutumly işleriň geçirilmegi olara goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany bolup durýar. Halkyň kalbyna deňelýän medeniýetiň ösmegi adamlaryň aň-düşünjesiniň, sowatlylygynyň artmagyna ýardam edýär. Merdana halkymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşupdyr. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzy öwrenmekde, kämilleşdirip halka ýetirmekde, medeni ösüşleri üpjün etmekde medeniýet işgärlerine uly orun degişlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň: “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda şeýle setirler bar: “Durmuşdaky ähli ýagdaýlary, her bir pursady ýazga geçirmek mümkinem däl. Oňa düşünmek, aň etmek, many almak welin mümkindir. Halkyň mirasynyň gymmaty hem şondadyr. Şonuň üçinem ol egsilmeýän hazyna deňelýär”. Şundanam görnüşi ýaly, şol baý taryhy we gymmatly hazynany aýawly saklamak hem-de öz öwüşginleri bilen nesillere ýetirmek biziň borjumyz bolup durýar. Şu maksat bilen halkyň arasyndan milli mirasymyza degişli eksponatlary, maglumatlary ýygnap, muzeý gymmatlyklaryny artdyrmak boýunça işleri alyp barýarys.

Bahar ARAZMEDOWA,
Türkmenbaşy şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar