Medeni miras — müdimi miras

3 Mart 2021
1099

DAGDANLY TAÝMAZ

Dagdan agajy daglyk ýerde ýetişip, daş ýaly berk bolýar, ýyllar geçdigiçe has-da dykyzlanyp mäkämleşýär. Şonuň üçinem maşgalalarda berklik, sagdynlyk, agzybirlik bolsun we ýyllar geçdigiçe-de, ol mizemez mähir-muhabbete öwrülsin diýlip yrym edilipdir. Dagdan agajyny ýonup, dürli görnüşli şekilleri ýasap, alaja ýüplere baglap, çagajyklaryň boýnundan, goşarjygyndan asypdyrlar, gundagbagyna, tahýajyklarynyň depesine dakypdyrlar, öýleriň işiginiň ýokarsyndan görnükli ýere berkidipdirler. Dagdan agajyndan şekiljikleri diňe bir çagajyklar däl, eýsem, uly adamlar hem hassalasa, gyzdyrsa, ýörite dakynypdyrlar. Bu ýagdaý dagdan agajynyň tebigy täsiriniň güýçlüdigini äşgär edýär.

Selbi ŞAMYÝEWA,
TMÝG-niň welaýat geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar