Çaý çorba

27 Fewral 2021
1847

Il arasynda şeýle aýtgy bar: «Ertirki iýip-içeniň özüňki, günortankysy dostuňky, agşamkysy duşmanyňkydyr». Hudaýa şükür, bolçulyk, dokçulyk, abadançylyk. Sähel salymda bişirmäge, gowurmaga, kaklamaga gaz plitalary, tok bilen işledilýän kaşaň-kaşaň, hil-hil gap-gaçlar, gazan-taganlar we beýleki enjamlar öý bikeleriniň gol astynda dur. Emma ýeňil bolmadyk durmuşda ýaşan ene-mamalarymyz, ata-babalarymyz hem her edip, hesip edip, aýtgyda nygtalyşy ýaly, «özüňki» saýylýan ertirlikden näumyt galmazlygyň çäresini tapypdyrlar. Ol neneňsi çärekä?!

Çaýçorba! Çaýçorbany taýynlamak üçin, ozaly bilen, süýtli gara çaý demlärdiler. Ýöne ol ýüzünde suw durlanyp duran sowuk däl-de, goýy, goňrumtyl reňkde bolmalydy. Çaýçorba iýilýän käse adatdakylardan iki-üç esse töweregi uly bolardy. Oňa düýekäse diýýänlerem, pyýala diýýänlerem bardy. Şol düýe käsä her kes öz maddy ýagdaýyna, keşdiniň çekişine görä, gant bilen mal ýagyny atardylar. Goýnuň guýruk ýagy bolsa-ha has gowy, onuň derejesine ýetip biljek mal ýagy barmy! Indiki gürrüň dograljak çöregiň mukdary barada. Çümhörekler onuň bir käsesinden kanagatlansalar, işdämenler piýalany 2-3 gaýra çörekden doldurman doýdum diýmezdiler. Çaýçorbanyň ahyrynda adaty käseler bilen süýtli çaý içerdiler. Çaý huruşlaram gurt, balgaýmak, sargan, peýnirdir. Çaýçorbadan ertirlik edinenler ylla seýislenen at mysalydyr, ne ajygarlar, ne suwsarlar, ne-de ýadarlar. Sowukdyr yssydan basylmazlar. Çaýçorba, ylaýta-da, günuzyn mal bakýan çopanlar üçin peýdaly. Olaryň güýjüne-güýç, ruhuna ruh goşýar. Onuň aşa ähmiýetli tarapy bolsa adamyň kesellere garşy göreşijiligini ýokarlandyrýar.

Hojagylyç NAZAROW,
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.
Beýleki habarlar