Terbiýe mekdebi

25 Fewral 2021
1345

Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, halkymyzyň şöhratly taryhyny çuňňur öwretmekde hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» atly romanlarynda atasy, ilhalar ynsan, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň Tejen aýagy diýilýän ýerlerde ýagny, öňki Kirow raýonynyň (häzirki Babadaýhan etrabynda) «Gyzyl çarwa» kolhozynda ýaşap, işlän ýyllary çeper beýan edilýär. Berdimuhamet mugallymyň halkymyzyň edebi mirasyna goýýan hormaty ýaş Mälikgula hem oňyn täsir edýär. Bu Mody başlygyň Mälikgula berýän gürrüňlerinde has aýdyň ýüze çykýar.

Ynsany pespällik, dogumlylyk, dogry sözlülik, birek-birege bolan hormat-sylag, rehimlilik, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetler bezeýär. Berdimuhamet mugallymyň görüm-göreldesi, oba adamlary we okuwçylary bilen gowy gatnaşygy Mälikguly üçin uly terbiýeçilik, döredijilik mekdebi bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ene-atasyna bolan hormaty hemmelere nusgadyr. Mähriban käbesi Ogulabat ejä, mähriban kyblasy Mälikguly aga bolan söýgüsi çäksizdir. Şeýle söýginiň, hormatyň miwesi hökmünde milli Liderimiziň «Enä tagzym— mukaddeslige tagzym», «Mert ýigitler Watan üçin dogulýar» ýaly kitaplaryny mysal getirip bolar.

Muhammet SADYKOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar