Zenanlaryň mynasyp orny

13 Maý 2022
843

13-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» diýlip atlandyryldy. Sebitiň we Russiýanyň zenanlary bir supranyň başyna jemlenip, aýal-gyzlaryň maşgalada we jemgyýetde tutýan orny, nesil terbiýesi, eneler we çagalar barada edilýän çuňňur aladalar barada ýürekden söhbet etdiler.

Hyzmatdaşlygyň täze ugry bolan dialog Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň arasyndaky halkara gatnaşyklary giňeltmekde, gender syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýetlidir. Zenanlar öý-ojagyň eýesi, mähriban ene hökmünde kemally, ilhalar, zähmetsöýer perzentleri ösdürip ýetişdirmek bilen birlikde, ýurtlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer durmuşyna-da işjeň gatnaşýarlar. Gender deňliginiň üpjün edilmegi zenanlaryň döwlet gurluşynyň ähli ugurlarynda öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Bu babatda dialogda çykyş eden zenanlar buýsançly belläp geçdiler.

«Güneş».
Beýleki habarlar