«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň döredilen gününiň 30 ýyllyk baýramy giňden, uly dabaralar bilen bellenilýär. Şu ýylyň 12-13-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy, şeýle hem beýleki milli we halkara çäreler geçirilýär.
Düýn paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy ýokary derejede geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň plenar mejlisleri geçirildi.