Paýtagtymyz myhmanlary garşylady

12 Maý 2022
640

Mälim bolşy ýaly, 12-13-nji maýda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy geçirilýär. Düýn bu iri halkara çärelere gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetleriň agzalary paýtagtymyza geldiler.

Aşgabat Halkara howa menzilinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentleriniň palatalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň Baş sekretarynyň hem-de beýleki myhmanlaryň garşylanmagy üçin ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edildi. Myhmanlaryň milli däp-dessurlarymyza laýyklykda garşylanmagy, köçeleriň ugrunda forumlara gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň, dürli dillerdäki ýazgylardyr bezegli diwarlyklaryň bolmagy halkymyzyň myhmansöýerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar