Geljegi uly hyzmatdaşlyk

11 Mart 2022
868

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň salamyny ýetirdi hem-de onuň hoşniýetli sözlerini beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz mähirli mübärekläp, özüniň türk kärdeşine iň oňat arzuwlaryny aýdyp, türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hem-de pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýändigini belledi. Şu babatda abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň, şol sanda geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň synçy hökmünde giren Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.

"Nesil".
Beýleki habarlar