Kazy, wezir, hökümdar hem şahyr

23 Mart 2021
1148

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny, sungatyny düýpli öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Bu babatda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzdaky taryhy ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmek bilen birlikde, türkmen halkynyň geçmişinde uly yz galdyran şahsyýetleri öwrenmeklige hem uly ähmiýet berilýär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda «Ylham» çeperçilik-seýilgäh toplumynyň açylanyna 10 ýyl boldy. 2010-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Ylham» atly çeperçilik-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolupdy. Şonda döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça täze çeperçilik-seýilgäh toplumy «Ylham» diýlip atlandyrylypdy. Açyk asmanyň astynda ýerleşýän bu muzeýde 40-dan gowrak taryhy we edebi şahsyýetlerimiziň heýkelleri oturdylan. Olaryň biri-de kazy, wezir, hökümdar hem şahyr bolan şahsyýet — Burhaneddin Ahmet Siwaslydyr.

Hurma ÇOMMADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar