Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasynda aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy

8 Aprel 2024
381

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Duşanbe şäherinde Täjigistanyň Hökümetiniň aragatnaşyk gullugynyň Başlygy Beg Sabur bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada "Howar" täjik habarlar agentligi habar berýär.

Söhbetdeşler aragatnaşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we özara gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýadyň bardygyny bellediler.

Beýleki habarlar