Türkmenistan we Owganystan Turgundy portunyň kuwwatyny ýokarlandyrmagy ara alyp maslahatlaşdy

10 Ýanwar 2024
467

Golaýda Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Kabulda Owganystanyň demirýol müdirliginiň başlygy Maulawi Bahtur-Rahman Şarafat bilen duşuşdy. Duşuşyk iki taraplaýyn gatnaşyklary we Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol aragatnaşygy hem-de üstaşyr geçiş pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlandy diýip, «nCa» internet portaly habar berdi.

Hususan-da, Hyrat—Turgundy portunyň kuwwatyny artdyrmak, Tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-owgan topary tarapyndan kesgitlenen ýerlerde täze angarlary we goşmaça şahalary gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýleki habarlar