Rowaçdyr ýollaryň, Watan!

17 Iýul 2024
172

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda ýurdymyz uly üstünliklere beslenýär, halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Şeýle döwranly döwrümizde ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamyndaky ösüş-özgertmeler hem ýokary derejä çykýar. Döwletimizde bilimiň derejesini artdyrmakda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda ýurdumyzda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biz hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gujurly zähmet çekip, bu ugurdaky döwletli işlere öz mynasyp goşandymyzy goşýarys.