Jidda sammiti: Merkezi Aziýa we Aýlag sebiti — mümkinçilikleriň giňişligi

21 Iýul 2023
816

Wagtyň bir ýerde durmaýşy ýaly, dünýädäki syýasy ýagdaýlar-da, halkara gatnaşyklar ulgamy-da düýpgöter öwrülişiklere, täze wehimdir howplara sezewar bolýar. Şeýle durnuksyz ýagdaýlar bolsa döwletlerdir halklardan dessin hem oýlanyşykly çözgütleri, netijeli, çeýe ädimleri talap edýär. Taryhyň sapaklaryndan görnüşi ýaly, şunda ählumumy derejede pugta parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmek köp babatda milli, sebit we yklym derejesindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna bagly bolýar. Şoňa görä-de, soňky ýyllarda «sebitler bolup dostlaşmak», ýagny sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meýli barha güýçlenip başlady. Öňňin, 19-njy iýulda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde ilkinji gezek geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti hem munuň anyk mysalyna öwrüldi.

Jidda sammiti Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hem-de Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň — Bahreýn Patyşalygynyň, Katar Döwletiniň, Kuweýt Döwletiniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Oman Soltanlygynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň Baştutanlaryny ilkinji gezek «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» görnüşindäki hyzmatdaşlyk meýdançasynyň başynda jemledi. Dostlukly ýurtlaryň Liderleri strategik gatnaşyklary, parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek üçin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň, syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda umumy bähbitleri ilerletmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Aslynda, Aýlagdaky arap döwletleri bilen biziň sebitimiziň ýurtlaryny geografik taýdan ýakynlyk, medeni hem ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, halklarymyzyň köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklary baglanyşdyrar. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýanyňdyr Aýlagyň döwletleriniň hyzmatdaşlygy wagtyň synagyndan geçen aýratyn häsiýete eýedir. Jidda sammiti bolsa ýurtlarymyzyň Liderleriniň şol hyzmatdaşlygy bilelikdäki tagallalar esasynda hil taýdan täze derejä çykarmaga taýýardyklaryny tassyklady.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar