Türkmenistan Daşkentde halkara awiasiýa konferensiýasyna gatnaşmaga çagyryldy

15 Iýun 2023
372

13-nji iýunda Daşkentde «Asia Connect: Aviation Strategy» atly halkara awiasiýa konferensiýasy geçirildi. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň awiakompaniýalarynyň we howa menzilleriniň, şeýle hem halkara uçar öndürýän we lizing kompaniýalarynyň, maliýe guramalarynyň wekilleri çagyryldy diýip, «UzDaily.uz» habar berýär.

Konfederasiýada açyk dialog görnüşinde howa ulaglarynyň bazarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, gatnaw ugurlaryny ösdürmek, uçarlary maliýeleşdirmek we kärendesine bermek, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde we goňşy ýurtlarda iň oňat awiasiýa işewürlik tejribesini alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýleki habarlar