Ak keçäniň üstünde...

11 Iýul 2021
1153

«Ýurduň gelin-gyzlaryny tanajak bolsaň, olaryň el hünärlerini synla» diýip aýdylýar. Keçe hem edil haly ýaly türkmen halkynyň gadymy el hünäri hasaplanýar. Milli mirasymyza, medeniýetimize uly sarpa goýulýan bagtyýarlyk döwrümiz türkmen keçesiniň ykbalyna Güneş şuglasyny çaýdy. Gelin-gyzlarymyz: «Gülüň owadan eken» diýip, keçe taýýarlamaga uly öwüşgin berýärler. Indi türkmen topragynda ençeme asyr bäri öndürilýän keçelerimiz nagyşlarynyň owadanlygy, jana melhemligi, gelin-gyzlarymyzyň gadymy senedi, ene-mamalarymyzyň gudratly elleriniň dowamy bolup, edil türkmen halylarymyz ýaly oňa bolan gyzyklanma, isleg, höwes barha ýokarlanýar.

Türkmen keçesi pederlerimizden galan, özümiziňem çagalyk döwrümizi ýadymyza salýan janly hakykat. Ene-mamalarymyzyň:

Züleýha ALLABERDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.