Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy meseleleri bilen birlikde milli medeniýetimiziň ýokary depginde ösmeginde hem döwlet bähbitli, milli ähmiýetli asylly işleri amala aşyrýar.
Ýurdumyzda «Ýaňlan, Diýarym!», «Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary geçirilip, olarda ýeňiji bolanlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň Şa serpaýlary bilen sylaglanmagy-da, Arkadagly Serdarymyzyň zehinleri öňe çykarmak, milli medeniýetimizi ösdürmek, dünýä ýaýmak babatdaky aladasyndan aýdyň mysallardyr.