Maý aýynyň 4-ne hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi.
FIFA-nyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize ajaýyp Türkmenistana gelmäge çakylygy üçin hem-de duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi.