Eýjejikleriň iň eýjejigi

18 Mart 2021
1402

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzjagazlaryň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däp bolan bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onuň deslapky, ýagny etrap, şäher hem-de welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran eýjejik gyzjagazlaryň 12-si gatnaşdy. Olar bäsleşigiň üç şerti boýunça çykyş edip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, eýjejik gyzjagazlaryň aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Milli egin-eşikleri geýip, olary şahyrana sözler bilen wasp etmek bolsa, bäsleşigiň ikinji şertini düzdi. Bäsleşigiň üçünji şertinde gyzjagazlar öz ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirdiler. Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli boldy.

Merjen IŞANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Berkararlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.