Aşgabatda “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş” halkara forumy geçiriler

28 Aprel 2023
385

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda üstünliklerimiz üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygider ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyz Aşgabatda şu ýylyň 3-4-nji maýynda “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş” (ITC 2023) atly halkara maslahatyň we serginiň geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi sebitiň döwletleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň hil taýdan ýokary derejä çykarylmagy bilen şertlendirilýär. Maslahatyň dowamynda pandemiýadan soňky dikeldiş we halkara ulag pudagynda täze mümkinçiliklere uýgunlaşmak we netijeli halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmek ýaly meseleler hem-de awtoulag ýollary, halkara deňiz portlary, howa we demirýol menzilleri ýaly ulag toplumlarynda infrastruktura mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ösdürmek biziň döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan sebitara we halkara hyzmatdaşlygy meselesinde möhüm orun eýeläp, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen, dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmek işine ýardam berýär. Hususan-da, Aziýa hem-de GDA ýurtlary sebitinde ykdysadyýeti ösdürmegiň täze nusgasyny döretmekde, ösdürmekde, degişli infrastrukturany emele getirmekde, şeýle hem ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmakda örän amatly ýagdaýlary döredýär. “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş” forumynyň çäklerinde esasy meýilleşdirilen çäreler halkara maslahatyny geçirmekden, ulag ulgamy bilen baglanyşykly innowasion tehnologiýalar sergisini guramakdan, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklaryň esasynda degişli resminamalary kabul etmekden ybaratdyr. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine mynasyp goşant goşar.

Beýleki habarlar