Umumy öýümiziň goragynda

24 Aprel 2023
405

Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähinde Ene topragyň halkara gününe bagyşlanan eko-festiwal geçirildi. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, welaýatymyzyň häkimligi hem-de Türkmenabat şäherindäki Amerikan burçy tarapyndan guraldy.

Birleşen Milletler Guramasy Ene topragyň halkara gününi bellemek baradaky Kararnamany 2009-njy ýylda kabul etdi. Boliwiýanyň hökümetiniň teklibi esasynda kabul edilen Kararnama 50-den gowrak döwlet awtordaş bolup çykyş etdi. Ine, şondan bäri geçen 14 ýylyň dowamynda bu sene tutuş adamzady öz içine alýan ägirt uly ekologiýa çäresi hökmünde bellenilip gelinýär.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar