Türkmenistan — Owganystan: dost-doganlyk gatnaşyklary rowaçlanýar

17 Ýanwar 2022
883

15-nji ýanwarda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen owgan wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki goňşy ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda pikir alyşdylar.

Taraplar ýurdumyzyň wekiliýetiniň Owganystana bolan birnäçe saparlarynyň dowamynda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeliligini belläp, döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky diplomatik dialogyň ähmiýetli ornuny nygtadylar. Ilkinji nobatda, Günorta — Gündogar Aziýanyň ýurtlaryny türkmen tebigy gazy bilen uzak möhletleýin esasda üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy barada aýdyldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň we demir ýollaryň gurluşygy hem ähmiýetli taslamalaryň hataryndadyr. Sebitde howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda türkmen-owgan özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy-ykdysady durnuklylygyna, doganlyk halkyň abadançylygyna we bitewüligine gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

"Nesil".
Beýleki habarlar