Türkmenistanyň ulag kompaniýalary logistika babatynda halkara tejribesini öwrenerler

17 Aprel 2023
280

«Türkmen logistika» birleşmesiniň 130-a golaý agzasy Merkezi Aziýada Logistika we Ulag Patyşalyk institutynyň (CILT Central Asia) Wekilhanasy tarapyndan guralan webinarlaryň birnäçesiniň kömegi bilen ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň halkara tejribesini öwrenip bilerler.

13-nji aprelden 18-nji aprele çenli geçýän onlaýn-görnüşindäki tälim beriji webinarlar şeýle hem türkmen ulag kompaniýalaryny ýük daşamalar ugruna IT-ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen hem tanyşdyrar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berdi.

Beýleki habarlar