Jana şypaly şypahana

30 Awgust 2023
407

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde halkymyzyň saglygyny dikeltmek, keselleriň öňüni almak babatda şypahana ulgamyna hem uly üns berilýär. Şunlukda, güneşli ülkämiziň gözel künjeklerinde döwrebap, ähli amatlyklary bolan şypahanalar halkyň hyzmatynda bolup, iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülýär. Gadymy hem nowjuwan Daşoguz topragynda ýerleşýän «Daşoguz» şypahanasy hem ajaýyp aýratynlyklary, amatlyklary bilen tapawutlanýan melhemli ýerleriň biri hasaplanylýar. Indi birnäçe ýyllardan bäri, diňe welaýatymyzdan däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki künjeklerinden gelýän raýatlara hem göwnejaý, talabalaýyk hyzmat edýän «Daşoguz» şypahanasy dynç almak üçin iň arzyly mesgenleriň biri. Biz oňa bu ýerde dynç alýan raýatlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda hem anyk göz ýetirdik. Dogrudan-da, şypahanada köp sanly keselleriň öňüni almakda we bejermekde innowasion usullaryň birnäçesi ulanylýar. Mundan başga-da, bu ýerde tebigy bejergi serişdeleri — mollagara wulkan palçyklaryny hem-de deňiz duzlaryny, dermanlyk otlary giňden ulanmak ýola goýlupdyr. Bu ýerde tebigy bejeriş, ýagny ýod-bromly mineral suw 1250 metr töweregi çuňlukdan çogup çykýar. Bu suwuň gyzgynlygy 54 derejä barabardyr. Suwuň düzümi ýod-bromly, hlorid-natrili bolup, ol ynsan bedenine oňat täsir edýän brom, ýod, ftor, sink, gurşun, marganes, hrom we beýleki mikroelementlere örän baýdyr.

Gözel SEÝIDOWA,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar