"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kanunçylyk namalary düşündirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär. Milli parlamentimiz tarapyndan ýylyň dowamynda kabul edilen kanunçylyk namalary bolsa ýerlerde giňişleýin düşündirilýär. Şu maksat bilen geçirilýän duşuşyklara etrap prokuraturasynyň işgärleri işjeň gatnaşýarlar. Olarda raýatlarymyzyň kanuny bähbitleri, hak-hukuklary babatyndaky sowallaryna doly düşündiriş berilýär. Etrap prokuraturasy tarapyndan şeýle işleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bosagada duran mejlisinden soň has giň gerimde ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär. Çünki taryhy mejlisde kabul ediljek çözgütleri ilatyň arasynda düşündirmek we wagyz etmek gönüden-göni borjumyzdyr. Biz mundan beýläk hem Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Belent Serkerdebaşymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň ýoly bilen eziz Watanymyzyň asudalygyny goramak üçin gijämizi gündiz edip zähmet çekeris.

Maksadymyz ― döwrebap hyzmat

Baş Kanunymyzda görkezilişi ýaly, adam ― ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy. Şeýle bolansoň, raýatlarymyza kanunçylyk tarapyndan döwrebap derejede hyzmat etmek biziň hemişelik aladamyz. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly başlangyçlary netijesinde ildeşlerimiz bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşaýarlar. Täze jaýlary edinýän, satyn alýan, jaý toýlaryny tutýan ildeşlerimiziň sany bolsa barha artýar. Bölümimiz tarapyndan täze jaýlaryň eýesi bolan ildeşlerimize resminamalary doly we dogry düzetmekde ýardamçy bolmak üçin elimizden gelen kömegi gaýgyrmaýarys. Resminamalaryň milli kanunçylyk namalarymyza laýyklykda taýýarlanylmagyna ýardam edýäris.

Keseliň öňüni almak ― ilkinji çäre

Pasyl çalşyp, howanyň salkynlamagy bilen, möwsümleýin ýokanç keselleriň döremek ähtimallygy has artýar. Şeýle bolansoň, şu günlerde geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda ýiti respirator keselleriniň öňüni almak, olardan goranmak bilen bagly maslahatlar berilýär. Munuň ilkinji şerti dem alyş ýollaryny sowugyň ýiti täsirinden goramakdyr. Özünde keseliň alamatlary bardyr öýdüp güman edýän adam dessine saglyk merkezlerine ýüz tutmaly. Welaýat köpugurly hassahanamyzyň pulmonologiýa bölümi bu babatda iň döwrebap enjamlaşdyrylan we giň mümkinçiliklere eýe bolan merkezleriň biridir. Bölümimizde ildeşlerimiz ýörite lukmançylyk barlagyndan geçirilip, zerur bolanda, olara bejergiler berilýär. Möwsümleýin ýokanç keselleriniň öňüni almak olar sebäpli ýüze çykyp biljek kynçylyklardan wagtynda goranmakdyr.

Netijeli duşuşyklar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenabat garnizonynyň harby awtomobil gözegçiligi tarapyndan şu mynasybetli wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Wagyz-nesihat çärelerinde, köçeleriň we ýollaryň degişli düzgünleri, ýörite geçelgeleriň ulanylmagy ýaly möhüm meseleler gozgalýar. Ýaş nesle ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmegiň zerurdygy barada maglumat berilýär we ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjeleri artdyrmak üçin amaly okuwlar geçirilýär. Bu çäreler ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen giň gerimde geçýär.

Kitaphanalarymyzda ― sanly ulgam

Etrabymyzdaky orta mekdepleriň kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda mugallymlara we okuwçylara hyzmat etmegiň iň döwrebap usullary boýunça tejribeler paýlaşyldy. Maslahat etrap bilim bölümi tarapyndan guraldy. Maslahatda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň orta mekdeplerindäki kitaphanalaryň kitap gory okuw gollanmalary we çeper eserler bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Olaryň saklanylyşynda we okyjylara ýetirilişinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak esasy wezipeleriň biridir. Etrabymyzdaky mekdepleriň aglabasynda sanly kitaphana ulgamynyň eýýäm ornaşdyrylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şeýle mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen geçen okuw ýylynyň ilkinji gününde açylyp, ulanylmaga berlen biziň orta mekdebimizde hem bar. Sanly ulgam kitaphanaçylaryň işini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Birinji ligada ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji ligasynyň Lebap sebitinde ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Üç duşuşygynda 20 pökgi geçirilen tapgyrda «Miras» we «Türkmenabat» toparlary nobatdaky ýeňşini gazandylar. Tapgyryň duşuşyklary iki günläp dowam etdi. 14-nji sentýabrda «Türkmenabat» «Köpetdag-Lebaby» 6:1 hasabynda ýeňdi. 15-nji sentýabrdaky duşuşyklarda bolsa «Miras» «Demirýolçyny» 6:3 hasabynda ýeňdi, «Bagtyýarlyk» bilen «Amyderýa» bolsa 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Tapgyrda «Nesil» topary dynç aldy.

Möhüm meselä bagyşlanan maslahat

Ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan pagtany abat saklamak möhüm meseleleriň biridir. Bu işe biz hem işjeň gatnaşýarys. Müdirligimiziň ýangyn howpsuzlygy bölüminde guralan maslahat bu meselä bagyşlandy. Oňa welaýatymyzyň çägindäki pagta arassalaýjy kärhanalaryň we pagta kabul ediş harmanhanalarynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen başlanan we guramaçylykly dowam edýän pagta ýygymynda, hasyly daşamakda, saklamakda hem-de gaýtadan işlemekde kuwwatly tehnikalaryň güýjünden giňden peýdalanylýar. Munuň özi işiň her bir pursadynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmegi talap edýär. Maslahatda bölümimiziň hünärmenleri çykyş edip, gymmatly çig maly ýangyndan ygtybarly goramagyň ýollary, berjaý edilmeli kadalar barada giňden durup geçdiler. Pagta arassalaýjy kärhanalaryň işgärleri, öz gezeginde, önümçilik bölümlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça alnyp barylýan işler barada özara pikir alyşdylar. Çärä gatnaşyjylar soňra bölümimiziň ýangyn-tehniki merkezine gezelenç etdiler.

Garaşsyzlyk — bagtymyzyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni şanly senelere, taryhy wakalara, uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Ynha, şu günler agzybir türkmen halky zähmet üstünlikleri bilen ýene bir şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny baýram etmäge uludan taýýarlyk görýär. Ýurdumyzyň özygtyýarlylygy halkymyzyň bagtyýarlygynyň, röwşen ertirlere bolan beýik ynamynyň beýanydyr. Çünki Garaşsyzlyk — halkymyzyň erkinliginiň, parahatçylygynyň mukamydyr, ykbalynyň göterilmesidir, şan-şöhratynyň dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde beslän arzuw-umytlary täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Şu günler welaýatymyzda bu şanly sene mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr baýramçylyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. Maslahatlarda edilýän çykyşlarda nygtalyşy ýaly, eziz Diýarymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde asyrlara barabar özgertmeler, ägirt uly taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyny bezeýän bu maksatnamalaýyn özgerişlikler, ilkinji nobatda, halkymyzyň nurana şu güni, bagtyýar geljegi hakynda edilýän aladalardan ugur alýar. Bu bolsa ýurdumyzda adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygyny ýene bir gezek görkezýär.

Röwşen geljegiň binýady

Ata Watanymyzda ýaşlar baradaky alada birjik-de ünsden düşürilmeýär. Hut şonuň üçin ýaşlaryň bilimleri kämil ele almaklary, hünär eýeleri bolmaklary bilen birlik-de olaryň watansöýüji, milli gymmatlyklarymyza ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak döwletimiziň baş aladasydyr. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny, maslahatlary yzygiderli geçirýäris. Şeýle ähmiýetli çärelerde pederlerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatdaky durmuş tejribelerine, halkymyzyň milli ýörelgelerine salgylanylýar. Çünki ata-babalarymyzyň wesýetlerine, pähim-paýhasyna eýermek, olary ýol-ýörelgesini dowam etdirmek biziň her birimiz üçin mukaddes borçdur. Bagtyýar ýaşlar hem özleri hakynda edilýän aladalara ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda we sportda gazanýan uly ýeňişleri bilen jogap berýärler. Döwletimiziň ykdysady, syýasy kuwwatynyň beýgelmegine mynasyp goşant goşýan, bu ugurda yhlas-tagallalaryny gaýgyrmaýan ýaşlarymyzyň beýik üstünlikleri, guwandyryjy netijeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde hem öz beýanyny tapýar.

Bildirişler

Şirhan Rahmanowiç Seýidowyň I-LB 467600 belgili pasportynyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň Garaşsyzlygyň aýdyň ýolunda ykdysadyýetimiziň gazanýan uly üstünlikleriniň özboluşly görkezijisine öwrüljekdigine, ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini giňden ýaýmakda möhüm orny eýelejekdigine berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara ylmy maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda geçirilýän, Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Dünýä giňişliginde rowaç tutumlar

Şu günlerde ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasat taryhy wakalara beslenýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatynda iş saparynda bolup, energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegine hem-de gurluşygyna badalga bermegi, hormatly Prezidentimiziň Gazagystanda geçirilen «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammitine gatnaşmagy we paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň geçirilmegi baş baýramyň bosagasyndaky günlere aýratyn öwüşgin berdi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşan çäreleriniň has netijeli we milli bähbitlere baý bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Milli Liderimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öň ýanynda Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, türkmen-owgan halklarynyň durmuşy bilen baglanyşykly birnäçe taslamalara badalga bermegi dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabarasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny amal etmegiň çäklerinde goňşy ýurtda ulanylyşa girizilen bu beket sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen elektroenergetika pudagynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berer.

Ýaz ýakymly günler

Ajaýyp döwrümiziň şanly taryhyndan orun bermek üçin günlerimiziň her birinde müň bir sebäp bar. Şol günleriň içinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyza şa gadamynyň, nazarynyň düşen günleri bolsa has aýratyn ýakyma eýe. Şol ýakymy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň her biri ömürboýy gursagynda göterýär. Sahypamyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şeýle ýakymly günleriniň birnäçesini ýatlap geçmegi makul bildik.

Arkadagly Gahryman Serdarly ýeňişli ýollar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň çuňňur bähbidine ýugrulan mukaddes taglymatyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde okgunly ösüşlere eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygyna, medeni-durmuş ulgamyna ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzy innowasion ýol bilen ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak döwlet syýasatynyň esasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary bilen utgaşyp, halk bilen Watanyň birligini, bitewiligini emele getirdi. Ýurdumyzyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty bolsa sebitiň, şeýle hem dünýäniň ösen döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga giň ýol açdy.

Baky berkararlygyň bagty

Garaşsyzlyk güni özygtyýarly ösüşiň täze taryhy döwründe ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny äşgär edýän beýik baýramçylykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň sargyt edişi ýaly, biz geçen taryhy ýolumyza buýsanmaga doly haklydyrys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda amala aşyrylýan işler hem-de gazanylýan üstünlikler ulus-ilimiziň kalbynda öz halkyna we ajaýyp Watanyna buýsanç duýgularyny döredýär. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäniň kuwwatly, hemmetaraplaýyn ösýän döwletleriniň birine öwrülýär we syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda ägirt uly üstünliklere eýe bolýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň häzirki döwründe ata Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna tutumly işler durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen döwletli ýörelgesine hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyna laýyklykda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Baş baýram — göwünleriň tugy

Belent bagtymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan toý milli senenamamyzyň bir gününiň çygryndan has giň. Tutuş ýurdumyz güýzüň ilkinji gününden bäri baş baýramymyzyň dabaralaryna beslenýär. Göwünlerdäki toý ruhy döwrümize, döwrümiziň toý lybasy bolsa göwnümize nur çaýýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň belleniljek gününe bir hepdeden sähel gowrak wagt galdy. Şanly toý barha ýakynlaşdygyça, göwünlerimiziň şatlygy, toý ruhy Göge göterilýär. Çünki baş baýram — her birimiz üçin iň mukaddes toý.

Geňeşli salamat bolar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek gününe bäş gün galdy. Nesip bolsa, gazetimiziň indiki sanynda taryhy mejlisden gelip çykýan netijeler bilen bagly makalalary dykgatyňyza hödürläris. Şeýle bolansoň, şu günler taryhy pursatlaryň bosagasynda durandygymyzy aýdyp bileris. Möhüm meseleleri köpçülik bilen maslahatlaşyp çözmek, milli demokratik däplere eýermek we jemgyýetçilik pikirini nazara almak halkyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Halk Maslahaty ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan milli tejribä esaslanýar we şondan ugur alýar.

Daýhançylykdan döwlet tapan

Şu ýylyň 11-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, il sylagly ýaşulularyň hem «Bismilla» diýip başlap bermekleri bilen pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi. Özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanan welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileriniň aglabasy eýýäm döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny zähmet sowgatlary bilen garşylaýar. Il içinde janypkeş, saýlan işine ýürekden berlen adamlar bolýar. Olar başyna baran işine yhlasyny siňdirip, rysgal-döwlet gazanýarlar. Ine, Halaç etrabynyň ýaşaýjysy, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, zähmet weterany Penji Rozyýew hem şeýle adamlaryň biri.

Billerini berk guşap

Alyn derini, mähir-yhlasyny ene topraga siňdirýän adamlaryň zähmetleri ýerine-de düşýär. Munuň şeýledigine Dänew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň gowaça pellerine nazar aýlanyňda hem magat göz ýetirip bolýar. Gowaçanyň her düýbünde ak patrak kimin açylan gozalara, ýetişen köreklere gözüň düşýär. — Ussat ýer eýelerimiz ekinlere göreldeli ideg etdiler. Olar gowy hilli tohumdan başlap, mineral dökünlerdir hasyllylygy ýokarlandyrmaga ýardam berýän serişdeler, suw bilen ýeterlik möçberde üpjün edildiler. Mehanizatorlar bolsa daýhanlarymyza hakyky ýardamçylar boldular. Indi bolsa ähli güýçlerimizi ýetişdirilen bereketli hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin jemleýäris — diýip, topar ýolbaşçysy Remezan Narbaýew gürrüň berýär.