"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy

15-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi.

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, geçmişiniň, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty açyk diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

13-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylara

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!Mähriban doganlar! Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy pugtalandyrmakda, dünýä türkmenlerini bir supranyň başynda has-da jebisleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Önümleriň eksport edilýän möçberleri artýar

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň sekiz aýynyň meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 2 müň 14 tonnasy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 895 tonnasy öndürildi. Degişli döwürde 15 million 13 müň 31 manatlyk iş edildi. Şeýle-de ýanwar — awgust aýlarynda buýan köküniň 2 müň 895 tonnasy, ekstraktyň bolsa 420 tonnasy eksport edildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Baýramçylyk dabarasy geçirildi

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenabat şäherindäki «Goşa çyrag» toý mekanynda aýdym-sazly dabara geçirdik. «Garaşsyzlyk baýramy — ata Watanymyzyň berkararlyk toýy» diýen at bilen guralan bu baýramçylyk çäresine halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy işgärler, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi, ýurdumyzyň gün-günden beýgelýän ykdysady galkynyşy, ulus-iliň bagtyýarlygy dogrusyndaky buýsançly gürrüňler dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk gutlaglarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Baýramçylyk dabarasy welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Hoş owazly çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň waspy belentden ýaňlandy.

Taryhy wakanyň öňüsyrasynda

Altyn güýzüň ilkinji aýynda beýik döwrümize şan berjek taryhy wakalar biri-birine utgaşýar. Olaryň arasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi aýratyn orunda durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçjek ählihalk forumynda halkymyzyň mynasyp wekilleri bilen geňeşilip, il-ýurt bähbitli çözgütler kabul ediler. Olar bolsa ýurdumyzyň mundan buýana-da okgunly ösmegine, ilatyň abadan we eşretli ýaşamagyna itergi berer. Şu taryhy wakanyň öňüsyrasynda ýerlerde maslahatlar geçirilýär. Olaryň biri etrabymyzyň Sakar şäherindäki medeniýet öýünde geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, uly nesliň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Ruhubelentlige beslenip geçen çärede çykyş edenler peder ýoluny ynamly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarda ösüşlere beslenýändigi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygy guwanç bilen nygtaldy. Çykyşlarda şeýle-de düýpli ösüş-özgerişleriň etrabymyzyň çägini hem giňden gurşap alýandygy bellenilip, bu ilhalar işleriň başynda durýan hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň atlaryna hoşallyk sözleri aýdyldy hem-de Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň işiniň üstünliklere beslenmegi arzuw edild

Bildirişler

Köýtendag etrabyndaky 28-nji orta mekdepden Utkir Suýundykowiç Abraýewe berlen A № 1147636 belgili orta bilim hakynda şahadatnamanyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Şanly baýrama bagyşlanan dabara

Şu gün Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýinde muzeýiň işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda mukaddes  Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar» atly dabara geçirildi. Il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, welaýatymyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu çärede Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň okgunly ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan tutumly işleri  barada giňişleýin söhbetler edildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym, gaýduwsyz esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk durmuş ýoly baradaky çykyşlar dabara gatnaşan ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Döwletli iliň döwletli ýoly

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sahawatly güýzünde bagtyýar watandaşlarymyz ýene-de bir taryhy waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň toýlanjak günlerinde Aşgabat şäherinde geçiriljek bu umumymilli forum ýurdumyzy depginli ösdürmäge, halkymyzyň röwşen geljegini berkarar etmäge gönükdiriljek döwletli çözgütlere baý bolar. Çünki pederlerimiziň agzybirlik ýörelgelerine eýerilýän döwletli Diýarymyzda halkyň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm çözgütler kabul edilende ýaşulular, halk köpçüligi bilen maslahatlaşylýar. Bular dogrusynda şu günler etrabymyzda geçirilýän maslahatlarda hem buýsançly çykyşlara giň orun berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halka daýanyp, il sylagly ýaşululara sala salyp bitirýän işleriniň guwandyryjy netijelerini islendik pudagyň ösüşiniň mysalynda görmek bolýar. Aýratyn hem il-ulsumyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, iş we zähmet şertlerini gowulandyrmak ugrundaky beýik özgertmeler uludan-kiçiniruhy galkynyşa, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Biz Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze tutumlara badalga beriljekdigine uly ynam bildirýäris. 

Kalbymyzda orun alan akyldar

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmek, şahyryň şygyrlarynyň gymmatyny dünýä ýaýmak ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Çünki halkymyzyň geçmiş taryhy, beýikligi, däp-dessurlary, umyt-arzuwlary akyldaryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Aýratyn hem Magtymguly Pyragy pederlerimiziň Watany söýmek, garaşsyzlyk, bir döwlete gulluk etmek ýaly erk-isleglerini, arzuwlaryny öz döredijiligine siňdirip bilen ägirtdir. Üstümizdäki ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän çäreler beýik türkmen şahyryna goýulýan belent sarpanyň we uly hormatyň nyşanydyr. Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlary, golýazmalary ylmy taýdan içgin öwrenilýär. Bu ugurdaky tagallalar halkymyzyň beýikligini, milliligini, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik açýar. Aýratyn bellenilmeli hakykat bolsa, beýik akyldaryň öwüt-ündewleriniň Watana, il-güne ygrarly ýaş nesli terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlylygydyr.     

Ýol asudalygy — il abatlygy

Ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli geçirilýän işlere we çärelere işjeň gatnaşmak her birimiziň borjumyzdyr. Şu esasdan harby awtomobil gözegçiliginiň ýol hereketini sazlaýjylar wzwodynyň gözegçileri, welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri bilen bilelikde harby tehnikalaryň sürüjileri tarapyndan ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine bagyşlanan düşündiriş çärelerini geçirdik. Çäräniň dowamynda harby tehnikalaryň kanuna laýyk ulanylyşyna gözegçilik etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ulag serişdeleriniň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek, şeýle hem awtoulaglaryň hereketini sazlaşykly guramak  bilen baglanyşykly talaplara üns çekildi. Düşündiriş işlerinde ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegini gazanmakda, ýol resminamalarynyň bellenilen kadalara laýyk ýöredilmeginde harby awtomobil gözegçiliginiň şahsy düzüminiň ýerine ýetirýän wezipeleriniň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durlup geçildi.

Ýaşlar — Watanyň daýanjy

Berkarar döwletimizde ata-babalarymyzyň durmuş tejribesine daýanyp, ýol-ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza ygrarly ýaş nesli terbiýelemek bilen bagly meselä möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda öňde duran wezipeleri üstünlikli amal etmek maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris.  Şeýle ähmiýetli çärelerde edilýän çykyşlarda ata Watanymyzda beýik maksatlara ýetmekde ýaşlaryň güýç-kuwwatyna bil baglanylýandygy nygtalýar. Şu esasdan hem döwletimizde ylymly-bilimli, hünärli we başarjaň ýaşlaryň, sagdyn ruhly nesilleriň kemala gelmeginde giň gerimli tutumlara badalga berilýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň düşünjeli nesiller bilen ýetilmejek menzil, bitirilmejek iş ýokdur. Şeýle hem özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar ýaşlarymyz ylmy başlangyçlary, täze döredijilik gözlegleri bilen ýurdumyzyň ykdysady galkynyşyna, syýasy-medeni durmuşynyň özgerişine mynasyp goşant goşýarlar.

Halkymyzyň jebisliginiň synmaz güýji

Şu günler ähli etrapdyr şäherlerinmizde öňümizdäki Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegine bagyşlanan maslahatlar, duşuşyklar guralýar. Şeýle maslahatlaryň birini jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrap häkimliginde hem geçirdik. Maslahatda edilen çykyşlarda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we beýleki döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişine aýratyn üns çekildi. Çykyş eden ildeşlerimiz halkymyzyň agzybirligini, jebisligini gazanmakda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda sazlaşykly ösüşi dowam etdirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütleriň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. 

Ählumumy tagallalara goşant

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Onuň işine baýry ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, käbir döwletleriň ýurdumyzdaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Iki tapgyrdan ybarat bolan maslahatyň birinji tapgyrynda institutymyzyň rektory, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi, Beýik Britaniýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri we beýleki myhmanlar çykyş edip, howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawyň durnuklylygyna we biodürlülige edýän täsirine ünsi çekdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ösüp gelýän ýaş nesliň ekologiýa sowatlylygyny kämilleşdirmek bu ýagdaýlaryň öňüni almakda möhüm ädim bolar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy

«Ýol hereketiniň  howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli netijeli işler Halaç etrabynyň orta mekdeplerinde, çagalar baglarynda hem yzygiderli geçirilýär. Bu ugurdan, aýratyn-da, 29-njy, 30-njy, 31-nji orta mekdeplerde, 11-nji, 12-nji, 13-nji  çagalar baglarynda alnyp barylýan işler guwandyryjydyr.

Sportuň belent ruhy bilen

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan şu günler orta mekdepleriň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan ― sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly spartakiadanyň täze möwsümine taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Bölüm tarapyndan sport ýaryşlarynyň täze möwsüminiň meýilnamasy taýýarlanylyp, olary etrap bilim bölümlerine paýlap bermek işleri alnyp barylýar. Sport ýaryşlarynyň täze möwsümine şu ýylyň oktýabr aýynda badalga berlip, möwsüm geljek ýylyň aprel aýynda tamamlanar. Şol döwrüň içinde bilim işgärleri sportuň 9, mekdep okuwçylary bolsa 12 görnüşi boýunça ýaryşarlar. Ýaryşlaryň ilkinji tapgyrlarynyň netijesinde etraplaryň, soňra-da welaýatymyzyň ýygyndy toparlary düzülip, olar döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşdyrylar.

Türkmenistan — Owganystan: dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar 11-nji sentýabrda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypa açyldy. Şu günki taryhy ähmiýetli wakalar munuň aýdyň güwäsi boldy. Bu wakalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýasy öz aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyz bu döredijilikli ýola yzygiderli eýerip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli infrastruktura taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar!Gadyrly myhmanlar! Şu gün iki ýurduň durmuşynda taryhy waka bolup geçýär. Bu gün Türkmenistanyň we Owganystanyň özara gatnaşyklarynyň sene ýazgysyna şanly sahypa bolup girer. Biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli taslamalaryň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygynyň şaýady bolýarys.

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Düýn türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Ynsanperwerlik ýüki çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.