"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dünýä giňişliginde rowaç tutumlar

Şu günlerde ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasat taryhy wakalara beslenýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatynda iş saparynda bolup, energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegine hem-de gurluşygyna badalga bermegi, hormatly Prezidentimiziň Gazagystanda geçirilen «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammitine gatnaşmagy we paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň geçirilmegi baş baýramyň bosagasyndaky günlere aýratyn öwüşgin berdi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşan çäreleriniň has netijeli we milli bähbitlere baý bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Milli Liderimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öň ýanynda Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, türkmen-owgan halklarynyň durmuşy bilen baglanyşykly birnäçe taslamalara badalga bermegi dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabarasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny amal etmegiň çäklerinde goňşy ýurtda ulanylyşa girizilen bu beket sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen elektroenergetika pudagynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berer.

Ýaz ýakymly günler

Ajaýyp döwrümiziň şanly taryhyndan orun bermek üçin günlerimiziň her birinde müň bir sebäp bar. Şol günleriň içinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyza şa gadamynyň, nazarynyň düşen günleri bolsa has aýratyn ýakyma eýe. Şol ýakymy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň her biri ömürboýy gursagynda göterýär. Sahypamyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şeýle ýakymly günleriniň birnäçesini ýatlap geçmegi makul bildik.

Arkadagly Gahryman Serdarly ýeňişli ýollar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň çuňňur bähbidine ýugrulan mukaddes taglymatyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde okgunly ösüşlere eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygyna, medeni-durmuş ulgamyna ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzy innowasion ýol bilen ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak döwlet syýasatynyň esasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary bilen utgaşyp, halk bilen Watanyň birligini, bitewiligini emele getirdi. Ýurdumyzyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty bolsa sebitiň, şeýle hem dünýäniň ösen döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga giň ýol açdy.

Baky berkararlygyň bagty

Garaşsyzlyk güni özygtyýarly ösüşiň täze taryhy döwründe ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny äşgär edýän beýik baýramçylykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň sargyt edişi ýaly, biz geçen taryhy ýolumyza buýsanmaga doly haklydyrys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda amala aşyrylýan işler hem-de gazanylýan üstünlikler ulus-ilimiziň kalbynda öz halkyna we ajaýyp Watanyna buýsanç duýgularyny döredýär. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäniň kuwwatly, hemmetaraplaýyn ösýän döwletleriniň birine öwrülýär we syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda ägirt uly üstünliklere eýe bolýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň häzirki döwründe ata Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna tutumly işler durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen döwletli ýörelgesine hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyna laýyklykda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Baş baýram — göwünleriň tugy

Belent bagtymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan toý milli senenamamyzyň bir gününiň çygryndan has giň. Tutuş ýurdumyz güýzüň ilkinji gününden bäri baş baýramymyzyň dabaralaryna beslenýär. Göwünlerdäki toý ruhy döwrümize, döwrümiziň toý lybasy bolsa göwnümize nur çaýýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň belleniljek gününe bir hepdeden sähel gowrak wagt galdy. Şanly toý barha ýakynlaşdygyça, göwünlerimiziň şatlygy, toý ruhy Göge göterilýär. Çünki baş baýram — her birimiz üçin iň mukaddes toý.

Geňeşli salamat bolar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek gününe bäş gün galdy. Nesip bolsa, gazetimiziň indiki sanynda taryhy mejlisden gelip çykýan netijeler bilen bagly makalalary dykgatyňyza hödürläris. Şeýle bolansoň, şu günler taryhy pursatlaryň bosagasynda durandygymyzy aýdyp bileris. Möhüm meseleleri köpçülik bilen maslahatlaşyp çözmek, milli demokratik däplere eýermek we jemgyýetçilik pikirini nazara almak halkyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Halk Maslahaty ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan milli tejribä esaslanýar we şondan ugur alýar.

Daýhançylykdan döwlet tapan

Şu ýylyň 11-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, il sylagly ýaşulularyň hem «Bismilla» diýip başlap bermekleri bilen pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi. Özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanan welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileriniň aglabasy eýýäm döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny zähmet sowgatlary bilen garşylaýar. Il içinde janypkeş, saýlan işine ýürekden berlen adamlar bolýar. Olar başyna baran işine yhlasyny siňdirip, rysgal-döwlet gazanýarlar. Ine, Halaç etrabynyň ýaşaýjysy, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, zähmet weterany Penji Rozyýew hem şeýle adamlaryň biri.

Billerini berk guşap

Alyn derini, mähir-yhlasyny ene topraga siňdirýän adamlaryň zähmetleri ýerine-de düşýär. Munuň şeýledigine Dänew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň gowaça pellerine nazar aýlanyňda hem magat göz ýetirip bolýar. Gowaçanyň her düýbünde ak patrak kimin açylan gozalara, ýetişen köreklere gözüň düşýär. — Ussat ýer eýelerimiz ekinlere göreldeli ideg etdiler. Olar gowy hilli tohumdan başlap, mineral dökünlerdir hasyllylygy ýokarlandyrmaga ýardam berýän serişdeler, suw bilen ýeterlik möçberde üpjün edildiler. Mehanizatorlar bolsa daýhanlarymyza hakyky ýardamçylar boldular. Indi bolsa ähli güýçlerimizi ýetişdirilen bereketli hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin jemleýäris — diýip, topar ýolbaşçysy Remezan Narbaýew gürrüň berýär.

Ösüşlerden joşa gelýär ýürekler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her güni ýurdumyzyň syýasy, medeni we jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly buýsançly wakalara beslenýär. Berkarar döwletimizde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döwlet we halkara derejesinde geçirilýän çäreler, dabaralar ildeşlerimiziň medeniýete, sungata bolan sarpasyny has-da artdyrýar. Bagtyýar watandaşlarymyz şu günler ýene bir şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny zähmet üstünlikleri, beýik ýeňişleri bilen garşylaýarlar. Ýurdumyzyň naýbaşy baýramynyň uly ruhubelentlige beslenmegi ugrunda Kerki etrabynyň medeniýet bölüminiň işgärleri tarapyndan alnyp barylýan işler hem aýratyn guwandyryjydyr. Etrapda medeniýete, sungata örküni baglan döredijilik işgärleriniň ençemesi asylly zähmet çekip, ajaýyp zamanamyzda milli medeniýetimiziň galkynmagyna, toý döwreleriniň şatlyk-şowhunynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň uly tutum bilen bellenilýän ýylynda halkymyzy ruhy taýdan galkyndyrmakda etrabyň medeniýet bölüminiň halk teatrynyň işgärleriniň hem aýratyn paýy bar. Olar şanly ýylymyzyň şygaryndan ruhlanyp, akyldar şahyrymyzyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly sahna eserleriniň birnäçesini tomaşaçylar köpçüligine ýetirdiler. Sahna ussatlary özleriniň çykyşlary bilen ýurdumyzda geçirilýän medeni çärelere, döredijilik bäsleşiklerine hem

Merdana halkymyzyň milli buýsanjy

Beýik Garaşsyzlygymyz halkymyzy öz göbek ganynyň daman topragynyň eýesi bolmak, bitewi döwletini esaslandyrmak baradaky ençeme asyrlaryň dowamynda ýüreginde besläp gelen yhlas-umytlarynyň wysalyna ýetirdi. Şeýle-de öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemek hukugyna daýanyp, milli däp-dessurlaryna, durmuş tejribesine, taryhyna, mirasyna esaslanýan, özygtyýarly, demokratik, dünýewi, hukuk döwletini berkarar etmek mümkinçiligini berdi. Ata Watanymyz taryh üçin örän gysga döwürde ykbal kesgitleýji syýasy, ykdysady, medeni çözgütleri tapyp, dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasyna öwrülmegiň hötdesinden geldi. Geçen 33 ýylyň içinde ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap maksatly menzilleri külterläp, guwandyryjy sepgitleri gazanmagy, dünýä giňişliginde belent hormata mynasyp bolmagy merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.

Durmuşymyzyň güli, döwrümiziň guwanjy

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine we halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygy bilen milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine we bu ugurlar boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesliň kämil bilim derejesiniň we hünär endikleriniň binýatlyk esasy goýulýar.

Darganata mawzoleýi

Gadymy türkmen topragynda gözbaşyny iňňän irki döwürlerden alyp gaýdýan taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Şeýle gadymy desgalaryň köpsanlysy welaýatymyzyň çäginde ýerleşýär. Şolaryň biri-de welaýatymyzyň demirgazyk künjegindäki Darganata mawzoleýidir. Onuň demirgazyk-günbatar tarapynda bolsa adybir arheologiýa gala-ýadygärligi ýerleşýär. Gadymy ýazuw çeşmelerine görä, Beýik Ýüpek ýolunyň Amuldan Horezme barýan şahasynyň ugrunda söwda kerwenleriniň we ýolagçylaryň düşlemekleri, dynç almaklary üçin kerwensaraýlar gurlupdyr. Gadymy Dargan şäheri hem şu ýoluň ugrunda ýerleşen Amuldan soňky ikinji uly duralga bolup hyzmat edipdir we öz döwründe gülläp ösen gür ilatly şäher bolupdyr. Orta asyr taryhçysy Makdisiniň bellemegine görä, şol döwürde Horezme garaşly bolan Dargan sebitiň uly şäherleriniň biri hasaplanylypdyr. Ýaşaýşyň gülläp ösmegi şäheriň töwereginde birnäçe taryhy-medeni gymmatlyklaryň döremegine getiripdir. Gadymy Dargan şäherindäki mawzoleý bilen golaýda ýerleşýän galanyň özara arabaglanyşygynyň bardygyny bellemek bolýar.

Mukaddeslige öwrülen dagdan

Güneşli Diýarymyzda ösümlikleriň dürli görnüşleri ösüp ýetişýär. Olar tebigata gözellik çaýmak bilen birlikde durmuşda dürli hajatlar üçin ulanylýar. Şeýle ösümlikleriň biri hem dagdan agajydyr. Ol içi dykyz we gaty daragt bolup, daşy ýaryp çykýanlygy üçin oňa «dag agajy» diýilýär. Gadymy ynançlara görä, dagdan agajy ynsany göz-dilden goraýar. Onuň şiresi bolsa adama güýç-kuwwat berýär diýlip düşünilipdir. Halkymyz bu agajyň bölejiklerini doga edip, egin-eşiklerine dakypdyr. Ilat arasynda «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýen pähim hem bar. Dagdanly adam atanlykda taýsa-da, oňa hiç hili zeper ýetmändir. Eždatlarymyz dagdanyň bela-beterden goraýandygyny, dagdanly adamyň mydama ýolunyň açykdygyny aýdýarlar. Yrym edilip, öýlerde çaga sallançagynyň diregi dagdan agajyndan taýýarlanylypdyr. Bu bolsa sallançagyň berkligine hem-de uklap ýatan çaganyň düýşürgemezligine oňyn täsir edipdir. Halkymyzda sallançaga direg edilen dagdan agajy çagajyga uzak ýaş diläp durarmyş diýlen ynanç ýörgünli.

Düýedyzlyklar

Ene-mamalarymyz öý-ojaklary bezemek, hojalykda ulanmak maksady bilen dürli dokma önümlerini dokapdyrlar. Şolaryň biri-de düýedyzlykdyr. Ol torba görnüşinde dörtburç edilip dokalypdyr. Ony adaty günlerde ownuk-uşak zatlary salmak üçin torbalyk hökmünde ulanypdyrlar. Ikitaraplaýyn düýedyzlyklar hem dokalyp, ol düýäniň, atyň üstüne atylýar. Türkmençilikde düýe ýüňünden öndürilýän önümler mukaddeslik hasaplanylýar. Däp boýunça gelniň köpelip-känelip gitmegi yrym edilip, bezelen düýäniň yzyna köşek tirkelipdir. Şonuň üçinem ene-mamalarymyz ýörite köşek ýa-da torum üçin düýe asmalygyny hem dokapdyrlar.

Maşgalam — baş galam

Her bir maşgala çaga üçin durmuşy mekdepdir. «Agaç miwesinden, ynsan balasyndan tanalar» diýen pähimi durmuş eleginden geçirip gelýän halkymyz perzendine, onuň edep-terbiýesine, aň-paýhasyna örän ähmiýet beripdir. Bu ýörelge milli däp-dessurlarymyzda, yrym-ygtykatlarymyzda hem aýdyň şöhlelenýär. Ýagty jahan bilen tanşan gününden başlap, ene-mamalarymyzyň çaga üçin edýän arzuwlarynda, heňe salýan owazly hüwdülerinde çaganyň geljekki durmuş menzilleri dogrusynda ýagşy umyt-arzuwlar beýan edilýär. Halkymyzyň perzendine bolan söýgüsini çagasy üçin tutýan toýlarynda, onuň üçin edýän bimöçber aladalarynda görmek bolýar.

Sazlaşyk

Sahawatly türkmen topragy — toý-meýlisiň mesgeni. Sahy güýzde şatlyk-şüweleňli toý-baýramlar biri-birine utgaşyp, biziň her günümizi bezeýär we kalplarymyza egsilmez joşguny bagyşlaýar. Ynha, altyn güýzüň rysgal-berekede beslenýän günlerinde, ene ýeriň genji-hazynasyny jomartlyk bilen eçilýän çagynda ata Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň we baky berkararlygynyň toýunyň toýlanylmagynda hem özboluşly sazlaşyk bar.

Beýiklige tagzym

Halkyň agyr ykbalynGöterip gerdeninde,Bagta umyt-hyýalynSaklapdyr ýüreginde. Pyragyň beýik adyÝüzläp dilde ýaňlanýar.Şygryndaky çuň manyUmman bilen deňlenýär.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Her birimiziň borjumyz Ilimiziň arasynda: «Her adamyň saglygy öz elinde» diýlen gürrüň ýörgünli. Hakykatdan-da, saglygy barada her kimiň özi alada etmeli. Ýöne tehnikalaryň durmuşymyza barha giňden ornaşýan şertlerinde bu meseläniň çygry has giňelýär. Ine, ýol hereketini alyp göreliň! Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Elleri uzadan ýerlerine ýetýän adamlar awtoulaglary köpçülikleýin edinýärler. Bu bolsa ýollarymyzda hereketiň ýygjam bolmagyna getirýär. Şonda ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi-de artýar. Şeýle şertlerde ynsan ömrüniň rahatlygyny gazanmak tutuş jemgyýetiň meselesine öwrülýär. Ýollarda degişli kadalary berk berjaý etmek, birek-birege mylakatly bolmak arkaly oňyn netijeleri gazanyp bileris.

Baýlygymyzy ýangyndan ygtybarly goralyň!

Ýakynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen pagta ýygymyna badalga berildi. Oba adamlary we bu möhüm işe dahylly edara-kärhanalaryň işgärleri gymmatly hasyly ýitgisiz ýygnap almak, abat saklamak we çuňňur gaýtadan işlemek ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Şeýle gyzgalaňly günlerde uly baýlygymyzy ýangyn howpundan goramak meselesi hem örboýuna galýar. Pagta ýygymynda, hasyl daşalanda we saklanylanda ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin degişli düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr. Pagta ýygnalanda, daşalanda, saklanylanda we gaýtadan işlenilende tehnologik enjamlaryň nädogry ulanylmagynyň, awtoulag serişdeleriniň näsaz uçgun söndüriji enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagynyň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň ýönekeý talaplarynyň bozulmagynyň ýangynyň döremek howpuny artdyrýandygyny unutmaly däl. Pagta ýygylýan, daşalýan, saklanylýan we gaýtadan işlenilýän ýerlerde ot ýakmak, çilim çekmek, gaz-elektrik akymly kebşirleýiş işlerini geçirmek talaba laýyk däldir.

Tymsallar

Gyzyl bägül Bir deňizçi nätanyş zenandan hat alypdyr. Onuň ady Bägül ekeni. Olar üç ýyllap hat alşypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen deňizçi özüniň onuň ýazýan hatlary bolmasa, oňup bilmejekdigine göz ýetiripdir. Şeýdip, olar kem-kemden birek-biregi halapdyrlar. Haçan-da deňizçi gullugy tamamlanda, olar şäheriň merkezi demirýol menzilinde duşuşmagy wadalaşypdyrlar. Zenan köýnegine gyzyl bägüli dakjakdygyny ýazypdyr. Şonda deňizçi ol zenany hiç haçan görmändigi hakynda oýlanypdyr. Eýsem, ol nähili zenanka, görmegeýmikä ýa-da görmeksizmikä, çynar boýlumyka ýa-da dolmuşmyka?