"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bildirişler

Narmamet Ahmedowiç Çaryýewiň B derejeli sürüjilik okuwyny tamamlandygy hakyndaky № 01144154 belgili şahadatnamasynyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Bäsleşigiň jemi jemlenildi

Şu gün welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan öçmez-ýitmez eserleriniň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän makalalar, goşgular we hekaýalar boýunça yglan edilen bu bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň, şeýle hem talyp ýaşlaryň uly toparynyň gatnaşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Bäsleşige iberilen makalalardyr edebi eserleriň Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edebi mirasymyza, beýik şahsyýetlerimize goýýan belent sarpasyna, milli mirasymyzy öwrenmeklik üçin döredip berýän giň şertlerine, beýik Pyragynyň eserleriniň umumadamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetine gönükdirilendigi aýratyn bellärliklidir. Bäsleşigiň netijesi boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary Şatlyk Hudaýnazarow we Baý

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburga çenli uçuşy amala aşyryp, “Pulkowo” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Ir bilen lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.

Täzelikler

Kerki etrabyndaky çörek kärhanasynyň zähmet adamlary ilaty çörek we çörek önümleri bilen bolelin üpjün edip, golaýlaşyp gelýän täze ýyly mynasyp üstünliklere besleýärler. Çörek bişirijiler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çörek we çörek önümleriniň 4095 tonnasyny ilata ýetirdiler. Bu ýerde öndürilen önümleriň tagamy we hili ildeşlerimiziň göwnünden turýar. Kärhananyň baş ykdysatçysy Babajan Musaýew çörek we çörek önümleriniň onlarça görnüşiniň taýýarlanylýandygyny, olaryň «Höwesli», «Altyn däne», «Şöhlejik» ýaly görnüşleriniň ilatyň uly isleginden peýdalanýandygyny aýdýar. Çörek bişirijileriň yhlasly zähmetiniň netijesinde ilatyň saçaklarynda çörek we çörek önümleriniň bolçulygy gazanylýar.

Türkmen-malaý gepleşikleri: netijelilik we ýürekdeşlik bilen

Döwletara gatnaşyklaryna aralyklaryň uzaklygy däl-de, ýürekleriň ýakynlygy täsirini ýetirýär. Biri-birinden 6 müň kilometr çemesi uzakda ýerleşýän Türkmenistan bilen Malaýziýany alyp göreliň. Aziýanyň tas bir çetinden beýleki çetine çenli uzaýan şu aralykda ýerleşýän iki döwletiň arasyndaky ýürekdeş hyzmatdaşlygyň ýola goýlanyna 33 ýyl dolup barýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly döwlete amala aşyran resmi sapary bolsa şol hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany ýazdy. Turuwbaşdan nygtalmaly bir hakykat bar. Biziň ýurdumyzy Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki bu dostlukly döwlet bilen nämeler baglanyşdyrýar we bu hyzmatdaşlyk nähili mümkinçiliklere eýe? Ine, taryhy sapar şu sowallara jogap berdi.

Bagtyň binýady, rowaçlygyň çyragy

Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli özgertmelerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesi älem içre barha belende galýar, parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli we ynsanperwer ýörelgeleri giňden dabaralanýar. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hut üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň asylly başlangyçlary esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryna laýyklykda Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň ikisi bilen resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmak bilen, ata Watanymyz parahatçylyk, howpsuzlyk, özygtyýarlylyk ýörelgelerine eýerip, halkara syýasatda wajyp orny eýeleýär. Güneşli ýurdumyzyň daşary syýasaty sebit we halkara derejesinde durnuklylygyň, ösüşiň bähbitlerine dialogy hem-de hyzmatdaşlygy ös

«Asman» mebellerine isleg artýar

Welaýatymyzyň hususyýetçileri Täze ýyly zähmet üstünlikleri bilen mynasyp garşylaýarlar. Olaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki mebel önümlerini öndürýän «Asman» hususy kärhanasyny hem görkezmek bolar. — Döwrebap önümçiligimiz 2015-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Bu ýerde ilatyň ösen isleglerine laýyklykda mebel önümleriniň dürli görnüşi taýýarlanylýar. Hil derejesi ýokary bolan önümlere hyrydarlaryň sany hem günsaýyn artýar. Tamamlanyp barýan ýylda ilatyň hem-de edara-kärhanalaryň sargytlary esasynda mebelleriň onlarça görnüşini öndürdik. Önümçilik bölümlerinde Türkiýe döwletinden getirilen kämil enjamlary oturtdyk. Bu bolsa ýokary hil ölçeglerine gabat gelýän agaç hem-de aýna mebel önümlerini — aşhana we otag mebellerini, gapylary, ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda çagalara niýetlenilen mebelleri, ýatalgalary öndürmäge şert döretdi — diýip, hususy kärhananyň ýolbaşçysy Alişir Resulow söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.

Nesilleriň arasyndaky köpri

Türkmen halky gymmatly mirasyny nesilden-nesle geçirip, aýawly saklap gelýär. Milli we ruhy baýlyklarymyz bir bitewi ulgam bolup, olaryň birnäçesi dünýäniň gymmatly medeni mirasynyň genji-hazynasy hökmünde tanalýar. Halkymyz kitap okamagy, bilim we ylym öwrenmegi ruhy ösüşiň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň özeni hasaplaýar. Kitaplar diňe bir şahsy ösüşiň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä düşünmäge we pikiri giňeltmäge kömek edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly eseri hut şeýle ähmiýete eýe kitaplaryň biridir. Kitapda türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan uly goşandy we taryhy orny ylmy esasda beýan edilýär. Şeýle-de meşhur serkerdeleriň, şalaryň, soltanlaryň hem-de beýik şahsyýetleriň durmuşy we olaryň türkmen topragynyň taryhyna goşan goşantlary giňden açylyp görkezilýär.

Okuwda gollanma, durmuşda ýörelge

Bir hakykat bar: Gahryman Arkadagymyz täze eserinde milli mirasymyzy, köneden gelýän gymmatlyklarymyzy hakyda göwheri hökmünde derejelendirýän hem bolsa, biz — ýaş nesiller üçin eseriň hut özi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga, hakydalaryň göwherine öwrüldi. Bu eser okuwda gollanma, durmuşda ýörelge. Ol — nesilleriň arasyndaky baglanyşyk. Çünki şu günleriň we ertirleriň derejesi geçmiş bilen ölçenilýär. «Hakyda göwheri» bolsa bize nähili beýik geçmişimiziň bolandygy barada gürrüň berýär. Bu pikir Gahryman Arkadagymyzyň täze eserindäki «Taryh şu günden başlanýar» atly bölümde hem öz beýanyny tapýar.

Toprak hasylyny eçilende

Täze ýyl gapymyzy gowulyklar bilen kakyp dur. Biz eýýäm biri-birimize süýji arzuwlarymyzy aýdýarys, sowgatlarymyzy paýlaýarys. Iň gowy ýeri bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda önümleriň bolçulygynyň döredilmegidir. Gök önümlerdir miwelerden doly saçaklarymyz we bagtyýarlyk nuruna beslenýän öýlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döredilýän eşretli durmuşyň waspyny özünde jemleýär. Bu görnüşler ýurdumyzda ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň önümçilige üstünlikli ornaşdyrylmagy netijesinde azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik durmuş harytlarynyň bolçulygynyň dörändigine şaýatlyk edýär.

Herekete — bereket

Doganlar Joraguly, Aşyrguly, Kadyr, Merýem Kerki etrabynyň Çekir geňeşliginiň Güýç obasynda limon ösdürip ýetişdirýän ussat bagbanlar hökmünde tanalýarlar. Bu işe ilki başlan doganlaryň ortanjysy etrap merkezi hassahanasynyň «Tiz kömek» bölüminiň lukmany Joraguly Saparow boldy. Ol mundan 20 ýyl ozal öz melleginde ýyladyşhana gurup, limon agajynyň 60 düýp nahalyny ösdürip ýetişdirdi. Işe höwesli ýigit bu ugurdan kitaplaryň ençemesiniň gatyny agdardy, limon ösdürip ýetişdirýän bagbanlaryň maslahatlaryny diňledi. Şeýdip, limon ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplady, ondan bol hasyl aldy. Netijede her ýylky hojalyga gelýän girdeji barha artmak bilen boldy. Joraguly doganlaryna, goňşy-golamyna hem ýyladyşhana gurup, limon ekmekligi maslahat berdi. Olara limon ösdürip ýetişdirmegiň inçe syrlaryny öwredip, degerli maslahatlaryny berip durdy. Çekilen zähmet ýerine düşüp, doganlaryň yhlasy myrat tapdy. Ýakynda biz Joragulynyň ýyladyşhanasynda bolup gördük. Ol inisi Aşyrguly bilen ýetişen limonlary ýygnap ýören eken. Daşarynyň çigrekligindenmi, bu ýeriniň ýyly howasy, limonlaryň ýakymly ysy birhili janyňa hoş ýakýar. Şahalardaky düzüm-düzüm limonlar göreniň gözüni dokundyryp, ruhuny göterýär. Doganlaryň ýüz-gözlerindäki begenç alamatlaryny mese-mälim duýmak bolýar. Olaryň çeken zähmetleriniň ýerine düşendigine buýsançlarynyň çägi ýok.

Ýyllarymyz gelýär, bagta beslenip

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşine gönükdirilen döwletli işleriniň netijesinde Halaç etrabynyň janypkeş oba hojalykçylary tamamlanyp barýan ýylymyzy ýokary zähmet üstünlikleri bilen jemleýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda biziň daýhan birleşigimiz boýunça jemi ekilen 1558 gektar gowaçadan 5200 tonnadan gowrak hasyl alyndy. Bu bolsa bellenilen meýilnamadan 396 tonna köpdür. Galla tabşyrmak boýunça borçnamamyzy hem 104 göterim berjaý etdik. Ýagny, bugdaý ekilen 1379 gektar meýdandan 3476 tonna hasyl ýygnadyk. Elbetde, her bir üstünlik irginsiz zähmeti talap edýär. Ynha, biziň zähmetkeş pagtaçy kärendeçilerimiz hem geçen ýyllarda baý iş tejribesini topladylar. Olar gowaçalara ideg etmekde topar ýolbaşçylarydyr agronomlar bilen agzybirlikde iş alyp bardylar.

Bagtyýarlygyň gurşawynda

2024-nji ýylda ähli ulgamlarda uly öňegidişliklere eýe bolundy. Ähli ugurlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, hil taýdan has-da kämilleşdirmek, täze belentliklere çykarmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagym tutuş maşgalamyzyň şatlygyna şatlyk goşdy. Aslynda, biri-birinden tapawutly, üstünlikli ýyllaryň dowamynda ynsan saglygyny goramak ýaly mukaddes kärde zähmet çekip, döwletimizde sagdyn jemgyýeti gurmakda özümiň goşandymyň bardygyna diýseň buýsanýaryn. Zähmet çeken ýyllarymda adam saglygyny berkitmek maksady bilen yzygiderli welosipedli ýörişleri hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirdik. Bu ugurda bize hut lukman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz görelde mekdebi bolýar. Mundan beýläk-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ynsan saglygyny goramak ugrunda jan aýaman zähmet çekeris.

Beýik ösüşlere buýsanç

Welaýatymyzyň bilim işgärleri 2024-nji ýyly uly üstünlikler bilen jemleýärler. Şol üstünliklerde Dänew etrabynyň bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň hem paýy uly. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda etrabymyzyň bilim işgärleri, okuwçylary döwlet we halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. Şolardan etrabymyzdaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Akja Haýdarowanyň «Ýylyň mugallymy — 2024» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijisi bolandygyny, okuwçylarymyzyň köpsanlysynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan geçirilen internet olimpiadalarynda ýeňiş gazanandyklaryny nygtamakçy. Etrabymyzdaky 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Yslam Mamurjanow «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda öňe saýlanmagy başardy. Okuwçylarymyz «Erudit» halkara maksatnamasynyň çäklerindäki internet olimpiadasynda, halkara D.I.Mendeleýew olimpiadasynda hem diýseň üstünlikli çykyş etdiler. Robototehnikaçy okuwçylarymyz degişli bäsleşigiň döwlet tapgyrynda birinji orny eýelediler.

Arzuwlar wysal tapýar

Men 2024-nji ýyly hemişe uly ýakym bilen ýatlaryn. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralaryna beslenen ýylda ykbalyma welaýat ýörite sungat mekdebiniň uçurymy bolmak, ýokary okuw mekdebine okuwa girmek we «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda öňe saýlanmak miýesser etdi. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda aýdym-saz sungaty okgunly ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň döredýän aýdym-saz eserleri we bu gadymy sungata bagyşlanan kitaplary bolsa bagşydyr aýdymçylar üçin ylham çeşmesidir. Ata-babalarymyzdan gelýän halk aýdymlaryny şirinligi bilen geljekki nesillere ýetirmekde «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi uly orna eýedir. Bu bäsleşigiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ýeňijisi bolmak meniň üçin belent mertebedir.

Döwrümize şan eçilýän ýeňişler

Gah­ry­man Arkadagymyzyň we Ar­kadag­ly Gahryman Serdary­my­zyň tu­tum­ly tagallala­ry netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda türk­men spor­ty hem ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne gö­te­ril­di. Bu ýag­daý ta­mam­la­nyp bar­ýan ýy­ly­myz­da aý­ra­tyn gö­ze iler­lik­li­dir. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da biz Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Täh­ran şä­he­rin­de we Mon­go­li­ýa­da ku­raş bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­lar bi­len Wa­ta­ny­my­za do­lan­dyk. Gazanan ýeňişlerimizde geçen ýyl merjen paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatynda toplan baý tejribämiziň aýratyn orny bar. Döwrebap sport desgalarynda türgenleşmäge döredilýän mümkinçilikler türgenlerimiziň ýeňşe bolan yhlasyny has artdyrýar.

Ylym dünýäsiniň giňişliginde

2024-nji ýylda maňa talyplygymyň ikinji ýylynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginde ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Men bu ýyly ylymlar dünýäsindäki ilkinji üstünligimi gazanan ýylym hökmünde hemişelik ýatlaryn. Ylmy gözleglerimi tebigy gazdan täze önümleri almaga bagyşlap, bäsleşigiň netijesi boýunça ikinji orna mynasyp boldum. Umuman, tamamlanyp barýan ýylyň biziň ýokary okuw mekdebimiz üçin düşümli ýyllaryň biri bolandygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Mugallymlarymyzdyr talyplarymyz köpsanly bäsleşiklerde ýeňiji boldular. Daşary ýurtlara guralan saparlar bilelikdäki tejribäniň täze ädimlerine öwrüldi. Geljekde-de bilimimizi artdyryp, täze üstünlikler bilen 2025-nji ýylyň şanyna şan goşarys.

Sag kenaryň bilim köşgi

Hojambaz etrabyndaky täze mekdepde alnyp barylýan işler dogrusynda söhbet Menzilleriň esasy ýakymy — ýürege ýakyn ýatlamalary. Türkmenabatdan 100 kilometrden gowrak ýoly geçip, Pelwert — Mekan panton köprüsi arkaly goja Jeýhun bilen salamlaşyp, Hojambaz etrabyndaky 38-nji orta mekdepde şaýat bolan gowulyklarymyz hem olary kagyza geçirmäge we hemmeler bilen paýlaşmaga imrindirýär. Çünki diňe bir paýtagtdan däl, eýsem, welaýat merkezinden hem ep-esli uzakda ýerleşýän Hojambaz şäherinde 960 orunlyk (şu ýyl ýurdumyzda açylyp, ulanylmaga berlen mekdepleriň iň ulularynyň biri) döwrebap mekdebiň gurlandygyna şaýat bolmak Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyňy barha artdyrýar.

Dokuzy düzüwlik ýaran bolsun!

Tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl külli il-ulsumyz üçin Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagy Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şanly wakalara basyrylan şöhratly ýyl bolup, goja taryhyň gatlaryna ýazylýar. Çünki bu ýyl ata Watanymyz üçin hem, her bir ildeşimiz üçin hem dokuzy düzüw ýyl boldy. Munuň şeýledigini tamamlanyp barýan ýyl bilen hoşlaşyp, Täze ýylymyzy garşylaýan pursadymyzda hut öz durmuşymda bolup geçen şanly wakalaryň dokuzysynyň mysalynda teswirläýin. Olaryň birinjisi, üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dana şahyryň durmuş ýoluna bagyşlanan «Magtymguly, düşdüň yşgyň güzerine» atly spektaklyň teatrymyzyň sahnasynda goýulmagy;