"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Mekdep okuwçylary futbolda bäsleşdi

Änew şäherindäki sport desgasynda “Altyn top” ady bilen futbol ýaryşynyň Ak bugdaý etrap tapgyry geçirildi. Okuwçy ýaşlary sporta giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, sport ussatlygyny ýokarlandyrmak we uly derejedäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşa etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryş çekeleşikli duşuşyklara baý boldy. Şol duşuşyklaryň her biri ýaşlaryň sport ussatlygyny aýdyň ýüze çykardy hem-de ýaş nesliň arasynda futboluň meşhurlygynyň artýandygyny görkezdi.

Ýelden ýüwrük bedewleriň ýaryşy

Balkan  atçylyk sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň  ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky at çapyşygy geçirildi.         Atçylyk sport toplumynyň öňündäki baýramçylyk ruhunda bezelen ajaýyp meýdançada  guralan dabaralar türkmen toýlaryna mahsus ýokary ruhubelentlige beslendi. Giňden ýaýbaňlandyrylan dürli medeni-sport çärelerinden, joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlardan ruhy lezzet alan dabara gatnaşyjylar soňra gyzykly at çapyşyklaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler.

Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine

Hor­mat­ly «Gal­kan» hok­keý to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri we tä­lim­çi­le­ri! Si­zi paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­myn­da ge­çi­ri­len hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, baý­rak­ly bi­rin­ji or­na my­na­syp bol­ma­gy­ňyz bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat­da­ky no­bat­da­ky sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň – hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şyň halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­ly­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ýur­du­myz­da spor­tuň gyş­ky gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, hok­keý bo­ýun­ça tür­gen­le­riň us­sat­ly­gy­ny we tej­ri­be­le­ri­ni art­dyr­ma­ga uly go­şant bo­lan­dy­gy­na berk ynan­ýa­ryn.

Ar­ka­dag­ymyzyň nusgalyk göreldesi

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn stra­te­gi­ýa­la­ryň ne­ti­je­sin­de, türk­men spor­ty hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kdy. Biz mu­ňa 15 – 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da Aş­ga­ba­t­da ge­çi­ri­len hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­da hem aý­dyň­ly­gy bi­len göz ýe­tir­dik. Ýa­ry­şy ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­di. Şol res­mi­na­ma esa­syn­da gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry dö­re­dil­di we onuň dü­zü­mi tas­syk­la­nyl­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da spor­tuň gyş­ky gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýaş türk­me­nis­tan­ly­lar spor­tuň hok­keý we fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak gör­nüş­le­ri bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ýar­lar.

Üstünlige beslenen ýaryş

Ýewropanyň we Aziýanyň ençeme ýurtlarynyň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyzda guralan hokkeý boýunça halkara ýaryş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň baýrak gaznasyny has-da baýlaşdyrdy. 15 — 20-nji aprelde geçirilen bäsleşik dünýäniň hokkeý janköýerleriniň nazaryny ata Watanymyzyň paýtagty merjen şäherimiz Aşgabada gönükdirdi. Bize-de bu halkara ýaryşa gatnaşmak bagty miýesser etdi. Türkmen topragyna dünýä ýurtlaryndan gelen türgenleriň, tälimçileriň we beýleki myhmanlaryň Milli Liderimiziň paýhasyndan bina bolan Arkadag şäheriniň we ak mermere beslenen paýtagtymyzyň owadanlygy, arassalygy we ajaýyplygy bilen özlerinde juda ýakymly täsirleri galdyrandygy baradaky gürrüňlerini eşitmek diýseň ýakymly boldy. Türkmen hokkeýçileriniň, ýagny «Galkan» toparynyň üstünlikli çykyş etmegi bolsa ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleriniň ösdürilmegi babatda durmuşa geçirilýän uly işleriň aýdyň görkezijisidir.

Welaýatlardan habarlar

Ýaşlaryň spor­ty gün­de­lik hem­ra­sy­na öwür­me­gin­de sport mek­dep­le­ri­ne mö­hüm orun de­giş­li­dir. Ine, Ma­ry et­ra­by­nyň sport mek­de­bin­de hem ýa­ryş­lar­da my­na­syp çy­kyş et­mä­ge ukyp­ly tür­gen­ler ke­ma­la gel­ýär. Bu ýer­de spor­tuň bir­nä­çe gör­nü­şin­den tür­gen­le­şik iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Ýe­ňil at­le­ti­ka hem şo­la­ryň bi­ri­dir. Biz bu ýer­de gel­je­gi­ni ýe­ňil at­le­ti­ka­da gör­ýän ýa­şa­jyk tür­gen­le­riň il­kin­ji ädim­le­ri­ni ynam­ly ät­le­me­gin­den baş­lap, ola­ryň äh­mi­ýet­li ýa­ryş­la­ra uza­ýan ýo­lu­nyň bin­ýa­dy­ny goý­ýa­rys. Türk­men ýaş­la­ry­nyň sport­da bar­ha kä­mil­leş­me­gi, aja­ýyp ne­ti­je­le­re eýe bol­ma­gy üçin äh­li şert-müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze sag­bol­sun

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen sportuny ösdürmekde we onuň halkara abraýyny belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny hem-de sportuň hokkeý görnüşi boýunça okuw-türgenleşik we tälimçilik işlerinde aýratyn tapawutlanyp, 2024-nji ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýeländiklerini hem-de gazanan ýokary netijelerini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglary boýunça saýlawlaryny bellemek hakynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary hem-de çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY

2024-nji ýylyň 15 — 19-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar, şeýle hem oňa (mundan beýläk maslahat) gatnaşan ulag-logistika kompaniýalarynyň — OSJD-ä goşulyşan kärhanalaryň wekilleri aşakdakylar barada beýan etdiler: Maslahatyň dowamynda halkara demir ýol daşamalary ulgamyndaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara demir ýol daşamalaryny, ilkinji nobatda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnawlarda demir ýol arkaly daşamalary mundan beýläk-de ösdürmegiň, bu ugurda ylalaşykly ulag syýasatyny kemala getirmegiň, halkara demir ýol ulagynda kadalaşdyryjy halkara hukuk şertnamalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Dünýä baýlarynyň täze sanawy düzüldi

Ýakynda «Forbes USA» žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täze sanawyny çap etdi. «Louis Vuitton Moët Hennessy» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Bernar Arno eýýäm bassyr iki ýyl dollarly milliarderleriň sanawynyň başyny çekip gelýär. Bir ýylyň içinde onuň emlägi 22 milliard amerikan dollary möçberinde artyp, baýlygy 233 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. «Forbes USA» žurnaly: dünýäniň iň baý adamlarynyň täze sanawynyň ilkinji onlugy

Ak ýollar bagta rowan

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy. Şeýle döwrebap ýollaryň gurulmagy, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakda, ýurdumyzy ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu barada awtobanyň gurluşygyna dahylly hünärmenler, şeýle-de Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylary buýsanç bilen gürrüň berýärler. Döwlet KÖMEKOW, «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory:

Be­hiş­di be­dew­le­re nus­ga­lyk buý­sanç

«Ahal­te­ke be­dew­le­ri hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­dyr we asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­ti­ren gym­mat­lyk­la­ry­nyň naý­ba­şy­sy­dyr» di­ýip nyg­ta­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­hiş­di be­dew­le­re buý­san­jy­nyň nus­ga­lyk­dy­gy za­ma­na­my­zyň aja­ýyp ha­ky­ka­ty­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýa­kyn­da Arkadag şä­he­ri­ne ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da hem bu ha­ky­ka­ta ýe­ne bir ýo­la göz ýe­tir­dik. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şol ýer­de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­len Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da il­kin­ji ge­zek bel­le­nil­ýän Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy.

Ga­dy­my şä­he­riň ta­ry­py

Şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze, me­de­ni mi­ra­sy­my­za hor­mat-sar­pa goý­mak, ola­ry dün­ýä ýaý­mak gel­jek­ki ro­waç­lyk­la­ryň öze­ni­dir. Bu ugur­da ägirt uly iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­na bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýi­ti ze­hi­nin­den, jöw­her paý­ha­syn­dan dö­rän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň eli­mi­ze go­wuş­ma­gy aý­dyň su­but­na­ma bol­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da TÜRK­SOÝ bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar giň­den ös­dü­ril­ýär. Me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny üp­jün et­mek we dün­ýä ýaý­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler halk­la­ry dost­laş­dyr­ýar. TÜRK­SOÝ-yň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mej­li­sin­de Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi hal­ky­my­zyň ta­ry­hyn­da öz­bo­luş­ly orun eýe­le­ýän ga­dy­my şä­he­riň dün­ýä ýaň sa­lan şöh­ra­ty­nyň ýa­ňa­dan da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny bol­dy.

Türkmen topragynyň hazynasy

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň ХV jilti hem biz lukmanlaryň ýankitabymyza öwrüldi. Onda milli lukmançylyk mirasy, şol sanda onuň bilen baglanyşykly türkmen Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikler dünýäsindäki endemik we seýrek duş gelýän täsin dermanlyk ösümlikleriniň birnäçesi barada giňişleýin maglumat berilýär. Kitap iki bapdan, ýagny dermanlyk ösümlikleriniň häsiýetnamasyndan we maglumatnamadan ybaratdyr. Bu dermanlyk ösümlikler Türkmenistanyň şypahanalarynda ýörite şypahana şertlerinde bejergi alýan adamlar üçin hem örän peýdalydyr. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň milli tebipçilikde hem halk lukmançylygynda 2000-den gowrak görnüşi peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň kitabynyň esasy maksady lukmançylyk ulgamynyň işgärlerine, dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlara, ýygnaýjylara we ösümlik dünýäsi bilen iş alyp barýan ähli adamlara dermanlyk ösümlikler barada öz bilimleriniň üstüni ýetirmekden, olaryň daşky gurluşy, ösüş şertleri, himiki düzümi, lukmançylyk amalyýetinde peýdalanylyşy hem taryhy, ýygnamagyň möhleti hem-de usullary, saklamagyň düzgünleri barada maglumatlar bermekden ybaratdyr.

Outstanding literary work

Turkmenistan is a country known for its glorious history and rich cultural heritage that contributed to the development of world civilization. Historical events took place on the Turkmen land in the past, and great states existed here. Archaeological monuments around the country prove this fact. In different years, well-known archaeologists conducted excavations on the Turkmen soil and discovered that Turkmenistan is one of the oldest centres of human life. In the year when the ancient city of Anau was declared the cultural capital of the Turkic world, the book ‘Anau – Culture Originated from the Millennia’ by the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov gave an opportunity to realize that fact once again.

Ýaş nesliň bagtyýarlygy

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda belent maksatlar, täze sepgitler nazarlanyp, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bagtyýar şu gününiň we nurana geljeginiň üpjün edilmegine hem aýratyn uly üns berilýär. Amala aşyrylýan beýik işlerden ruhlanyp, biz hem, ilkinji nobatda, okuwçylarymyzyň bilim-terbiýeli, maksada okgunly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmaklary barada aladalanýarys. Çagalar sungat mekdebimizde bilim alýan ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz edýän çäreleri hem yzygiderli geçirip durýarys. Sebäbi saglyk, sagdynlyk haýsy ugurdan zehinlidigiňe garamazdan, hemmeler üçin ilkinji zerurlyk. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde guraýan şol çärelerimizde olary sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmeklige, sport bilen meşgullanmaklyga çagyrýarys. Çagalaryň zyýanly endiklerden daşda bolmaklary, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilendir. Wagyz-ündew maslahatlarynyňdyr sport çäreleriniň olaryň sporty hemişelik hemra edinmeklerinde ýokary ähmiýete eýedigine tüýs ýürekden ynanýarys.

Ak ýol. Tizlik. Öňegidişlik

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndan soňky oýlanmalar Ýol. Ýolagçylyk. Bu iki söz bize nämeleri aňlatmaýar, nämeleri ýatlatmaýar?! Göräýmäge, bir menzilden başga menzile çenli geçilýän aralykdyr ýol diýeniň. Ýöne ähli zat hem şol aralykda ahyry. Müňde bir öwüşginli türkmen dilinde bu hakykat aýan-aýdyň açylýar: ýol goýmak, ýola goýmak, ýollamak, ýola düşmek, ýoluň düşmek, ýol tapmak, ýola gelmek, ýol kesmek, ýol görkezmek, ýoldaş bolmak... Görüp otursaň, durmuşyň ähli öwrümi, öwüşgini bu söze sygyp durandyr. Edil şonuň ýaly, adamzadyň bu durmuşda ýeten sepgidi, ösüşi-öňegidişligi-de owaldan-ahyra ýol bilen menzildeş. Şondandyr, pederlerimiz ýol çekip, köpri gurmagy sogaply işleriň başynda goýup, ony nesillere pent edipdirler...

Baş maksat — halkyň bagtyýar durmuşy

17-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna amala aşyran iş sapary many-mazmuna, taryhy wakalara baý bolup, ildeşlerimiziň yhlasly zähmete, bagtyýar durmuşa höwesini has-da artdyrdy. Saparyň çäklerinde Diýarymyzdaky giň gerimli gurluşyklaryň biri bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilmegi, bu mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň welaýatyň ýaşaýjylaryna 200-e golaý täze awtobuslary sowgat hökmünde gowşurmagy ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini ösdürmäge saldamly goşant boldy. Şeýle hem şol gün Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumyna degişli jaýlaryň 59-synyň açylyp ulanmaga berilmegi hem sebitiň ýaşaýjylarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak şatlykly wakalara öwrüldi. Welaýat merkezinden paýtagtymyza sary ugranyňda, Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň 2-nji kilometrliginde hersi 1 öýli, 2 gatly, 6 otagly kottej ýaşaýyş jaýlarynyň toplumy bada-bat gözüňe ilip, ünsüňi özüne çekýär. Umumy meýdany 22 gektara barabar bu ýerde meýilnama laýyklykda, kottejleriň 200-si bina edilmeli. Golaýda bolsa olaryň 59-sy ulanmaga berildi. Olardan nesibeli bolup, täze öýe göçüp gelen maşgalalar şu günler jaý toýlaryny uludan tutýarlar. Bu kottejlerde döredilen şertler barada «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň hünärme

Täzelikler

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplükleriň öndürilişi ýylsaýyn artdyrylýar. Bu ýerde häzirki wagtda sarp edijileriň buýurmalary esasynda nah ýüplükleriň 14-lik, 17-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär. Fabrikde şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda hem nah ýüplükleriň 528 tonnasy öndürildi. Şeýle-de geçen çärýekde fabrigiň nah ýüplükleriniň 519 tonnasy, pul hasabynda bolsa 10 million 89 müň 362 manatlygy ýerlenildi. Ýüz tonna golaý nah ýüplük eksport edildi.