Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýalaryň netijesinde, türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykdy. Biz muňa 15 – 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda hem aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Şol resminama esasynda guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Häzirki döwürde ýaş türkmenistanlylar sportuň hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar.