Ýaş nesliň bagtyýarlygy

19 Aprel 2024
349

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda belent maksatlar, täze sepgitler nazarlanyp, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bagtyýar şu gününiň we nurana geljeginiň üpjün edilmegine hem aýratyn uly üns berilýär. Amala aşyrylýan beýik işlerden ruhlanyp, biz hem, ilkinji nobatda, okuwçylarymyzyň bilim-terbiýeli, maksada okgunly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmaklary barada aladalanýarys. Çagalar sungat mekdebimizde bilim alýan ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz edýän çäreleri hem yzygiderli geçirip durýarys. Sebäbi saglyk, sagdynlyk haýsy ugurdan zehinlidigiňe garamazdan, hemmeler üçin ilkinji zerurlyk. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde guraýan şol çärelerimizde olary sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmeklige, sport bilen meşgullanmaklyga çagyrýarys.

Çagalaryň zyýanly endiklerden daşda bolmaklary, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilendir. Wagyz-ündew maslahatlarynyňdyr sport çäreleriniň olaryň sporty hemişelik hemra edinmeklerinde ýokary ähmiýete eýedigine tüýs ýürekden ynanýarys.

Bilbil NURMÄMMEDOWA,
Türkmenbaşy şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar