Ýaşlaryň sporty gündelik hemrasyna öwürmeginde sport mekdeplerine möhüm orun degişlidir. Ine, Mary etrabynyň sport mekdebinde hem ýaryşlarda mynasyp çykyş etmäge ukyply türgenler kemala gelýär. Bu ýerde sportuň birnäçe görnüşinden türgenleşik işleri geçirilýär. Ýeňil atletika hem şolaryň biridir. Biz bu ýerde geljegini ýeňil atletikada görýän ýaşajyk türgenleriň ilkinji ädimlerini ynamly ätlemeginden başlap, olaryň ähmiýetli ýaryşlara uzaýan ýolunyň binýadyny goýýarys.
Türkmen ýaşlarynyň sportda barha kämilleşmegi, ajaýyp netijelere eýe bolmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsun