Ak ýol. Tizlik. Öňegidişlik

19 Aprel 2024
337

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndan soňky oýlanmalar

Ýol. Ýolagçylyk. Bu iki söz bize nämeleri aňlatmaýar, nämeleri ýatlatmaýar?! Göräýmäge, bir menzilden başga menzile çenli geçilýän aralykdyr ýol diýeniň. Ýöne ähli zat hem şol aralykda ahyry. Müňde bir öwüşginli türkmen dilinde bu hakykat aýan-aýdyň açylýar: ýol goýmak, ýola goýmak, ýollamak, ýola düşmek, ýoluň düşmek, ýol tapmak, ýola gelmek, ýol kesmek, ýol görkezmek, ýoldaş bolmak... Görüp otursaň, durmuşyň ähli öwrümi, öwüşgini bu söze sygyp durandyr. Edil şonuň ýaly, adamzadyň bu durmuşda ýeten sepgidi, ösüşi-öňegidişligi-de owaldan-ahyra ýol bilen menzildeş. Şondandyr, pederlerimiz ýol çekip, köpri gurmagy sogaply işleriň başynda goýup, ony nesillere pent edipdirler...

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Mary — Aşgabat.
Beýleki habarlar