Täzelikler

18 Aprel 2024
362

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplükleriň öndürilişi ýylsaýyn artdyrylýar. Bu ýerde häzirki wagtda sarp edijileriň buýurmalary esasynda nah ýüplükleriň 14-lik, 17-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär.

Fabrikde şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda hem nah ýüplükleriň 528 tonnasy öndürildi. Şeýle-de geçen çärýekde fabrigiň nah ýüplükleriniň 519 tonnasy, pul hasabynda bolsa 10 million 89 müň 362 manatlygy ýerlenildi. Ýüz tonna golaý nah ýüplük eksport edildi.

Beýleki habarlar