"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Dünýä edebiýatynyň döwresi, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz, Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy mynasybetli «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň arasynda Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Alyşir Nowaýynyň heýkeliniň bolmagy bagtyýar watandaşlarymyzyň köňüllerine buýsanç duýgularyny bagyşlady. Alyşir Nowaýy Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biridir. Onuň ady Magtymguly Pyragy, Rudaky, Firdöwsi, Nyzamy, Jamy, Omar Haýýam ýaly dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran beýik söz ussatlarynyň hatarynda tutulýar. Şahyr öz şygyrlarynda we ylmy eserlerinde, esasan, Gündogar halklarynyň XV asyr ruhy durmuşyny açyp görkezýär. Ylmy seljermeler Alyşir Nowaýynyň 1441-nji ýylyň 9-njy fewralynda Hyratda doglandygyny äşgär etdi.

Nusgawy edebiýatda milli ýörelge

Ynsanperwerligiň, adalatlylygyň, watanparazlygyň ruhy simwolyna öwrülen dana şahyr Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin dünýäniň akyldarydyr, danasydyr. Belent ahlak kadalaryny wagyz edip, zamanasynda beýik taglymaty döredip bilmek hakykatdan hem beýikligiň alamaty. Gahryman Arkadagymyz Gündogaryň beýik akyldaryna aýratyn sarpa, hormat bilen garap, şeýle belleýär: «Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy». Şeýle beýik şahsyýetiň medeni mirasyny aýawly saklamak, geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň özünde aýratyn many bar. Bu Kanun dört baby, on sekiz maddany özünde jemlemek bilen Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatdaky döwlet syýasatyny, şahyryň medeni mirasynyň düzümini, Kanunyň maksatlaryny, döwlet goldawynyň esasy ugurlaryny, ygtyýarly edaralaryň Kanun babatdaky ygtyýarlygyny, şahyryň monumental heýkelleriniň, ýadygärlikleriniň we edebi eserleriniň döwlet goragyny, şahyryň medeni mirasy hakynda halkara hyzmatdaşlygy we jedelleriň çözülişini özünde jemleýär. «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda şahyryň edebi mirasy esasynda ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmek we ösdürmek, türkmen halkynyň şöhratly

Kitap — mähriban dost

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ajaýyp şygary uly terbiýeçilik ähmiýetine hem eýedir. Munuň şeýledigini çagalaryň Gahryman Arkadagymyzyň ýylyň şygary bilen adybir şygryny ürç edip öwrenýändiklerinden hem bilmek bolýar. Bu bolsa olarda ýaşlygyndan söze, söz ussatlaryna sarpa goýmak endigini ösdürýär. Milli Liderimiziň bu meşhur şygry çagalaryň akyldar şahyrymyzyň goşgularyny okamaga hem höwesini artdyrdy. Şahyryň türkmen tebigatynyň gözelliklerini suratlandyrýan şygyrlaryny ýat beklemekleri çagalarda ene topraga söýgini, çuňňur watansöýüjiligi terbiýeleýär. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň şatlykly dowam edýän şu nurana günlerinde hem kitap olaryň iň ýakyn dosty bolmagynda galýar. Gökderedäki, Awazadaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde bolýan çagalar tebigat gözelliklerine syn etmek bilen bilelikde, kitap dünýäsine syýahatdan hem çäksiz lezzet alýarlar. Olar üçin tomusky dynç alyş möwsüminde özleriniň söýgüli kitaplaryny okamaga giň mümkinçilik bar.

Duýguly dünýä

ARZUWYMDAKY GOŞGY Täsin duýga dolup, ilkinji gezekMen öýe barýan.Düşnüksiz oýlara gark boldy ýürek,Men öýe barýan.

Şygryýet bossany

ÖMRÜMDE... Ömrümde öz ukybymyňGüýjüni haklajak bolýan.Ynamymy, umydymyÜýşürip, haklajak bolýan.

Şygryýet çemeni

ÝANYŇA BARÝAN Gülleriň başyn sypalap,Lezzet alýaryn henizem.Gaýan tahýamy apalap,Ýanyňa barýan, ezizim!

Ylham joşguny

AGLADYM ŞU GÜN Okap eziz şygryňy, Agladym şu gün. Geçip duýgyň çygryny, Galgadym şu gün.

Mertebeli menzilleriň beýany

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan meýilleşdirilen we tejribeli hünärmenler tarapyndan taýýarlanan täze kitaplar okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu kitaplar milli medeniýetimiz hem-de onuň baýlaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle-de Gündogaryň akyldary, dünýä edebiýatynyň ussady Magtymguly Pyragynyň saldamly goşantlary dogrusynda söz açýandygy bilen ähmiýetlidir. Döredijiligiň ümzügi hemişe täzeçe garaýyşlara tarap. Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çapdan çykan, Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty A.Baltaýewiň «Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy» atly kitabynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleriniň mantyk-düşünjeleri, çeperçilik baýlygy, pelsepe-taglymat gymmatlygy, nesilleri merdana atalarymyzyň ruhlaryna ygrarly edip terbiýelemekdäki ähmiýeti, watanperwer sapaklary giňden açylyp görkezilýär. Kitap hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda taýýarlanyldy.

Söýenim, söýenjim sensiň, Watanym!

Watan — mukaddeslik. Muny her owazymda, her şygrymda, bendimde, setirimde gaýta-gaýta ýatlaýandyryn. Bizi giň gujagyna sygdyryp, goýnunda ýaýnadýan, ýaşadýan eziz Watanyň gadyry-gymmaty başgaça. Ol mydama ýüregiňde, köňlüňde. Oýuň ol, pikiriň ol. Nirede ýörseňem, neneňsi ahwalda bolsaňam, Watan hemişe ýanyňda. Uzak menzillere rowana bolup, ummany aşanymda, «Ýanymda Watan» atly şygrymy ýazanym ýadymda.

Şygryýet

Saýra, dutarym! Unutman ussat ýoluny,Saýra, dutarym!Owaz eýläp sag-solumy,Saýra, dutarym!

Ýabany balyň tagamy (Hekaýa)

— Olary wagtal-wagtal täze ýere göçürip durmagy Orazmyrat bilen dilleşipdim. Hä, bir zat boldumy? — Bolmasyz iş bolupdyr... — diýip, çekene çopany gynançly dillendi. — Sil siziň balary gapyrjaklaryňyzyňam üstünden gelip, ählisini jülgäniň düýbüne gapgarypdyr. Olar şol ýerde çalam-çaş bolup ýatyr.

Arzuw (Oýlanma)

Iň gymmatly zatlar — gadyry, zerurlygy bilinýän zatlar. Çagakam meniň üçin gurjak edinmekden uly arzuw ýokdy. Men şony alyp berýänçä, ejeme igenerdim. Bar zadyň günäkäri şol ýaly, her bir arzuw edýän zadymyň wagty bilen alnyp berilmeýändigi üçin ejemiň ýanynda iňirdärdim. Öýkelesemem şondan öýkelärdim. Elbetde, arzuw edilen zatlaryň alnyp berlenlerem bar. Ýöne şolaryň haýsy bolaýanda-da, iňirdilerimiň soňy gelmezdi. Sebäbi bir arzuw tamamlanany bilen, onuň ornuny başga bir isleg eýeleýär. Ol arzuwlar bilen baglanyşykly iňirdileriň öňünde durmalam ýene ejeňdir. Sebäbi şondan başga seniň igenjiňi, näziňi beýle uzak wagtlap ýadaman çekjek ýok. Ol welin halys bitirip bilmejegine gözi ýetip duranam bolsa, seniň haýyşyňy boş goýmajak bolar. Iň bolmanda, seniň şol arzuwyňa ýetip bilmejegiňi aňdyrmajak bolup jan eder. Şeýder-de dowam eder barar. Wagtyň geçmegi bilen, seniň iňirdi gezegiň geçer-de, ornuňy kiçiler — jigileriň eýelär. Uçurym bolan sülgün çagasy kimin ulalyp, başga bir ýerlerde özbaşdak höwürtge gurnanyňdan soňam, aram-aram ataň öýüňe baranyňda, ejeň yssysy gurşan ojaga gadam basanyňdan, garry öýe däl-de, çagalygyňa dolanana dönersiň. Göýä çagalygyň alysda galan tagamyny bir pursatlygam bolsa, täzeden duýmak üçin edýän ýaly, birmahallar şu ojakda galdyryp giden näziňi edip goýberersiň. Nämedir bir zatdan öýkelän bolarsyň. Durmuş sahnasynyň bujagaz bölüminiň aňyrsynda diňe

Täze kitap

Söýgi serpaýy Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Ahmetberdi Mededowyň kyssadyr goşgularyny özünde jemleýän «Yşk dünýäsiniň gujagynda» atly täze kitaby çapdan çykaryldy. Şahyr hem bagşy A.Mededow bu ýygyndyda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň, şeýle-de sözüň hem sazyň gudraty bilen kämil eserleri miras goýan ozan, şahyr Garajaoglanyň ýaşlyk ýyllaryndan söz açýar. Awtor kitapda bu iki şahsyýetiň döredijiligini şahsy seljermeden, deňeşdirmeden daşda durýar. Wakalaryň çeper suratlandyrma arkaly beýan edilmegi, sözlemleriň sadadan sagdyn düzülmegi kitabyň gymmatyny artdyrýar. Mahlasy, öňem «Bagtyň gujagynda», «Owadan dünýäniň gujagynda» atly kitaplaryň awtory Ahmetberdi Mededowyň «Tapmadym», «Buýsançnama», «Beýik Pyragy» we «Yşk heseri» atly kyssadyr goşgular toplumyny öz içine alýan bu kitaby Watana, il-güne, edebiýata bolan synmaz söýgüsiniň serpaýydyr.

Türkmen kalply alym

Edebiýat — serhetleri inkär edýän görkana dünýä. Onuň içine aralaşsaň, «seniňki, meniňki» diýen düşünje aradan aýrylýar. Ýüregiňden orun alan eserler, haýsy halkyň wekiliniň döredendigine garamazdan, hemişelik «seniňkä» öwrülýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary barada hem şeýle buýsançly sözleri aýdyp bolar. Muny baryp XIX asyrda dürli halklaryň wekilleri bolan alymlaryň, edebiýatçylaryň Pyragynyň şygyrlarynyň yşkyna düşüp ýörmegi-de subut edýär. Şeýle alymlaryň biri hem meşhur alym-türkolog, edebiýaty öwreniji, türkmen diliniň fonetikasyny, sintaksisini we dialektologiýasyny ilkinji bolup ylmy taýdan öwrenen Aleksandr Petrowiç Poseluýewskidir. Aleksandr Poseluýewskiý 1894-nji ýylyň 1-nji maýynda Witebsk guberniýasynyň Režisk uýezdiniň Bukmuýja obasynda oba mugallymynyň maşgalasynda dünýä inýär. Geljekki alym 1914-nji ýylda Witebskde gimnaziýany, 1918-nji ýylda Lazarewiň gündogar dilleri institutyny tamamlaýar. 1918-nji ýyldan Moskwanyň Arheologiýa institutynyň Witebsk bölüminde, 1921-nji ýylda bolsa Daşkentde pars dilinden mugallymçylyk edýär. 1923-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabada gelip, Orta Aziýa demir ýolunyň magaryf bölüminde işlemek bilen, şol bir wagtda Aşgabadyň şäher bilim bölüminiň birnäçe mekdebinde dürli dillerden sapak berýär. 1926-njy ýylda ol Türkmenistan SSR Magaryf halk komissarlygynyň Döwlet Alymlar geňeşiniň milli medeniýet bölümine geň

Halk kalbynyň aýdymçysy

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda oturdylan dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň arasynda Hytaýyň Tan nesilşalygy döwrüniň nusgawy şahyry Du Funuň hem heýkeli bar. Ikinji ady Szymeý bolan Du Fu 712-nji ýylda dünýä inýär. Du Fu barada belli bolan maglumatlaryň aglabasyny onuň şygyrlaryndan alypdyrlar. Du Fu: «Şygryýet biziň maşgalamyzyň pişesi» diýer ekeni. Sebäbi onuň atasy Du Şen-ýan hem belli şahyr bolupdyr. Ol ýaşlygyndan Hytaýyň dürli ýerlerine syýahat edipdir. Şol döwürler ol meşhur şahyr Li Bo bilen tanşyp, syýahatyny bile dowam etdirýär. Şahyr dostunyň täsiri astynda «Gözeller hakda aýdym», «Güýz ýagmyrlaryny küýseýän» ýaly şygyrlaryny döredýär. 755-nji ýylda «Paýtagtdan Fensýana barýarkam kalbymda dörän bäş ýüz setir» atly meşhur şygryny ýazýar.

Döredijilik dünýäsine syýahat

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň barha artýan ykdysady kuwwaty,  halkara jemgyýetçiligindäki abraýynyň has ýokary belentliklere çykmagy döredijilik işgärlerini hem ajaýyp zamanamyza mynasyp eserleri döretmäge borçly edýär. Şu nukdaýnazardan, üç ýüzden gowrak hekaýalaryň, birnäçe powestleriňdir romanlaryň, goşgular ýygyndylarynyň, sahna eserleriniň, çagalara niýetlenilen ençeme kitaplaryň awtory, önjeýli işleýän ýazyjylaryň biri Hemra ŞIROW bilen döredijilik işi, eser döretmegiň çylşyrymly tärleri barada söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Halypa, söhbedimizi eser ýazylanda ýazyjynyň — döredijiniň öz ýoly, ussatlyk tilsimleri baradaky gürrüňden başlaýalyň?!

Mugallym we okuwçy

Agtyklary bilen seýilgähde gezelenç edip ýören bir adamyň 40 ýyl mundan ozal özüni okadan mugallymyna gözi düşüp, onuň ýanyna baryp: — Salam, mugallym! Meni tanadyňyzmy? — diýipdir.

Beýik döwre buýsançnama

Agtarsaň dünýäniň barça kitabyn,Aklyň haýran bolup, oýlansaň bir dem.Bu durmuşy bolsadydan tapmarsyň,Artyk ol arzuwçyl ertekilerden. Indi türkmen geň galmaýar hiç zada,Nämä hyýal etse gola getirýär.Obalaryn dünýäň obalaryndan,Şäherlerin şäherlerden ötürýär.

Sözi gysga, şerhi köp...

Rowaýatlarda gelşine görä, gadym döwürlerde belli takwa bende haja gidip, haj amallaryny berjaý edenden soň, Käbäniň öňünde ybadat edip otyrka, iki sany perişde gelip, biri sag, biri çep tarapynda oturyp, özaralarynda sorag-jogap alşypdyrlar. Olaryň biriniň «Bu ýyl näçe kişiniň hajy kabul boldy?» diýen soragyna beýlekisi «Bu ýyl hiç kişiniň hajy kabul bolmady, diňe bir kişiniň hajy kabul boldy. Özi Müsürde ýaşaýar, käri köwüşçi, köwüş tikmek bilen gün görýär, özge hajylaryň hajy hem diňe şonuň sebäbinden kabul boldy» diýýär. Muny eşiden takwa kişi munuň sebäbini bilmek üçin Müsüre gidýär we ol adamy gözläp tapýar. Görse, ol bir dükanjykda ädik ussasy bolup işleýär eken. Gelen myhman ondan beýle derejä nädip mynasyp bolandygyny soranda, ol «Howlukma, hany, öýe bir baraly, soň gürrüň bererin» diýip, ony öýüne äkidýär we hezzet-hormat edýär. Şondan soň şeýle diýýär: «Men entek haja gidemok. Emma indi ençeme ýyl bäri haja gitmekligi arzuw edýärdim hem-de şoňa harajat toplaýardym. Ýaňy ussahanamda görensiň, iki sany çaklaňja golçajygym bar. Her gün maşgalam üçin gündelik sarp etmeli harajatymy bir golçajygyma, şondan näme artyk gazanyp bilsem, ikinji golçajygyma salýaryn. Kä günler, ýeterlik gazanyp bilmesem, ikinji golçajykdan almaly bolýan wagtlarym hem bolýardy. Ahyry şu ýyl haja gidilende ýol we öý harjym üçin ýygnaýan pulum ýeterlik derejä ýetip, golçajygym puldan doldy, menem

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Sarpasy synmaz Pyragy Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goýulýan belent sarpa halkara derejeli çäreleriň, asylly maksatly beýik işleriň mysalynda has aýdyň duýulýar.