Dünýä edebiýatynyň döwresi, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat

21 Iýul 2024
137

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz, Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy mynasybetli «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň arasynda Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Alyşir Nowaýynyň heýkeliniň bolmagy bagtyýar watandaşlarymyzyň köňüllerine buýsanç duýgularyny bagyşlady.

Alyşir Nowaýy Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biridir. Onuň ady Magtymguly Pyragy, Rudaky, Firdöwsi, Nyzamy, Jamy, Omar Haýýam ýaly dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran beýik söz ussatlarynyň hatarynda tutulýar. Şahyr öz şygyrlarynda we ylmy eserlerinde, esasan, Gündogar halklarynyň XV asyr ruhy durmuşyny açyp görkezýär. Ylmy seljermeler Alyşir Nowaýynyň 1441-nji ýylyň 9-njy fewralynda Hyratda doglandygyny äşgär etdi.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty
Beýleki habarlar