Arzuw (Oýlanma)

18 Iýul 2024
221

Iň gymmatly zatlar — gadyry, zerurlygy bilinýän zatlar. Çagakam meniň üçin gurjak edinmekden uly arzuw ýokdy. Men şony alyp berýänçä, ejeme igenerdim. Bar zadyň günäkäri şol ýaly, her bir arzuw edýän zadymyň wagty bilen alnyp berilmeýändigi üçin ejemiň ýanynda iňirdärdim. Öýkelesemem şondan öýkelärdim. Elbetde, arzuw edilen zatlaryň alnyp berlenlerem bar. Ýöne şolaryň haýsy bolaýanda-da, iňirdilerimiň soňy gelmezdi. Sebäbi bir arzuw tamamlanany bilen, onuň ornuny başga bir isleg eýeleýär. Ol arzuwlar bilen baglanyşykly iňirdileriň öňünde durmalam ýene ejeňdir. Sebäbi şondan başga seniň igenjiňi, näziňi beýle uzak wagtlap ýadaman çekjek ýok. Ol welin halys bitirip bilmejegine gözi ýetip duranam bolsa, seniň haýyşyňy boş goýmajak bolar. Iň bolmanda, seniň şol arzuwyňa ýetip bilmejegiňi aňdyrmajak bolup jan eder. Şeýder-de dowam eder barar. Wagtyň geçmegi bilen, seniň iňirdi gezegiň geçer-de, ornuňy kiçiler — jigileriň eýelär. Uçurym bolan sülgün çagasy kimin ulalyp, başga bir ýerlerde özbaşdak höwürtge gurnanyňdan soňam, aram-aram ataň öýüňe baranyňda, ejeň yssysy gurşan ojaga gadam basanyňdan, garry öýe däl-de, çagalygyňa dolanana dönersiň. Göýä çagalygyň alysda galan tagamyny bir pursatlygam bolsa, täzeden duýmak üçin edýän ýaly, birmahallar şu ojakda galdyryp giden näziňi edip goýberersiň. Nämedir bir zatdan öýkelän bolarsyň. Durmuş sahnasynyň bujagaz bölüminiň aňyrsynda diňe geçilen menzilleriň süýjüje küýseginiň ýatandygyna eje ýüregi düşüner. Düşüner-de, özi ene bolanyna telim wagt geçen köşegine ýagdaýynyň ýetdiginden «höre-höre» eder. Birmahallar çagalygyň geçýänçä çydam edişi ýaly, iki günlük myhmançylygyň tamamlanýança ene sabry bilen seni apalar.

Ejeli günler näçe dowam etse, seniňem çagalygyň müddeti uzalar. Durmuş bilen baglanyşykly nähilidir bir kynçylyk ýüze çykaýsa ýa-da nämedir bir zady satyn almaga, bir işi bitirmäge ýagdaýyň çatmasa, bir ýerlerde mähriban ejeň bardygy baradaky duýgynyň güýç-gudratyndan kuwwat taparsyň.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar