Kitap — mähriban dost

20 Iýul 2024
252

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ajaýyp şygary uly terbiýeçilik ähmiýetine hem eýedir. Munuň şeýledigini çagalaryň Gahryman Arkadagymyzyň ýylyň şygary bilen adybir şygryny ürç edip öwrenýändiklerinden hem bilmek bolýar. Bu bolsa olarda ýaşlygyndan söze, söz ussatlaryna sarpa goýmak endigini ösdürýär. Milli Liderimiziň bu meşhur şygry çagalaryň akyldar şahyrymyzyň goşgularyny okamaga hem höwesini artdyrdy. Şahyryň türkmen tebigatynyň gözelliklerini suratlandyrýan şygyrlaryny ýat beklemekleri çagalarda ene topraga söýgini, çuňňur watansöýüjiligi terbiýeleýär.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň şatlykly dowam edýän şu nurana günlerinde hem kitap olaryň iň ýakyn dosty bolmagynda galýar. Gökderedäki, Awazadaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde bolýan çagalar tebigat gözelliklerine syn etmek bilen bilelikde, kitap dünýäsine syýahatdan hem çäksiz lezzet alýarlar. Olar üçin tomusky dynç alyş möwsüminde özleriniň söýgüli kitaplaryny okamaga giň mümkinçilik bar.

Ogulnabat HOJANOWA,
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar