Täze kitap

18 Iýul 2024
266

Söýgi serpaýy

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Ahmetberdi Mededowyň kyssadyr goşgularyny özünde jemleýän «Yşk dünýäsiniň gujagynda» atly täze kitaby çapdan çykaryldy. Şahyr hem bagşy A.Mededow bu ýygyndyda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň, şeýle-de sözüň hem sazyň gudraty bilen kämil eserleri miras goýan ozan, şahyr Garajaoglanyň ýaşlyk ýyllaryndan söz açýar. Awtor kitapda bu iki şahsyýetiň döredijiligini şahsy seljermeden, deňeşdirmeden daşda durýar. Wakalaryň çeper suratlandyrma arkaly beýan edilmegi, sözlemleriň sadadan sagdyn düzülmegi kitabyň gymmatyny artdyrýar. Mahlasy, öňem «Bagtyň gujagynda», «Owadan dünýäniň gujagynda» atly kitaplaryň awtory Ahmetberdi Mededowyň «Tapmadym», «Buýsançnama», «Beýik Pyragy» we «Yşk heseri» atly kyssadyr goşgular toplumyny öz içine alýan bu kitaby Watana, il-güne, edebiýata bolan synmaz söýgüsiniň serpaýydyr.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar